Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda nobatdaky tapgyrlarda biri-birinden gyzykly bolar diýlip çaklanylýan duşuşyklar, derbiler futbol muşdaklaryna garaşýar. Angliýada Liwerpul derbisi “Liwerpul”–“Ewerton duşuşygy şu gün 16:30-da başlanar. “Premier ligada” ertirem uly duşuşyk bolar – “Arsenal”–“Mançester Siti” (20:00). Şu gün Germaniýada taryhy “Ruhr” derbisinde “Şalke” öz meýdançasynda Dortmundyň “Borussiasyny” kabul eder (18:30). Italiýada sanawyň lideri “Ýuwentus” myhmançylykda 3-nji hatarda barýan “Napoli” bilen duşuşar. Gonzalo Higuain üçin özboluşly aýratynlygy bolan oýun ýekşenbe güni 23:45-de başlanar. Portugaliýada çempionlyk ugrunda göreşýän 2 topar “Benfika”–“Porto” duşuşar. Oýun şu gün gije 00:30-da başlanar. Edil şonuň ýaly-da Gollandiýada hem çempionlygy kesgitläp biljek duşuşyk bolar. Ertir “Aýaks” 17:30-da öz meýdançasynda sanawyň lideri “Feýenoordy” kabul eder.
Fransiýada Liga Kubogynyň finalynda çempionatda-da çempionlyk göreşini alyp barýan “Monako” bilen PSŽ duşuşar. Bu final oýny şu gün 00:00-da başlanar.
Nobatdaky tapgyrlaryň iň esasy duşuşyklary:
1-nji aprel: “Liwerpul”–“Ewerton” (16:30), “Şalke”–“Borussia Dortmund” (18:30), “Monako”–PSŽ (Liga Kubogynyň finaly, 00:00), “Benfika”–“Porto” (00:30)
2-nji aprel: “Aýaks”–“Feýenoord” (17:30), “Napoli”–“Ýuwentus” (23:45)
4-nji aprel: “Roma”–“Lasio” (Kubok ýaryşy, 23:45), “Mançester Ýunaýted”–“Ewerton” (00:00)
5-nji aprel: “Barselona”–“Sewilýa” (22:30), “Napoli”–“Ýuwentus” (Kubok ýaryşy, 23:45), “Çelsi”– “Mançester Siti” (00:00)