7-nji ap­rel­de Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len bi­le­lik­de, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ni giň­den bel­le­di. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da bu se­ne bi­ziň ýur­du­myz­da ha­ky­ky äh­li­halk baý­ram­çy­lyk de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Mu­nuň özi hä­zir­ki türk­men jem­gy­ýe­tin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar bol­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş hem-de sport he­re­ke­ti­ni hö­wes­len­dir­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ta­rap­da­ry we wa­gyz­çy­sy bol­mak bi­len, bu ba­bat­da il­deş­le­ri­mi­ze gö­rel­de bo­lup, hem­me­le­ri, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ýaş­la­ry be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar.
Ine, şol gün hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­myz­da gu­ra­lan, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň müň­ler­çe­si­ni bir­leş­di­ren köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ne gat­naş­dy. Bu baý­ram­çy­lyk sport çä­re­si mil­li sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ne sal­dam­ly go­şant bol­dy. Şol he­re­ket bol­sa soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len her ýyl ge­çi­ril­ýän “Türk­me­nis­tan – sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy” at­ly spar­ta­kia­da hem-de dä­be öw­rü­len, 5-nji ap­rel­de ba­dal­ga ber­len “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän Bi­raý­lyk şu mak­sat­la­ra ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň bu ab­raý­ly ýa­ryş­la­ry türk­men paý­tag­tyn­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­di mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek­dä­ki ägirt uly hyz­mat­la­ry­nyň, hal­ka­ra sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mä­ge goş­ýan sal­dam­ly go­şan­dy­nyň hem-de ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň sport gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
…Paý­tag­ty­myz­da köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­si­niň baş­lan­ma­gy­na äh­li zat taý­ýar edi­lip­dir. Bu çä­re ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň aja­ýyp kün­je­gin­den – Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­de ýer­leş­ýän Çan­dy­bil şa­ýo­lu­nyň bir bö­le­gin­den ba­dal­ga al­dy. Bu ýer­den Kö­pet­da­gyň ete­gi­ne hem-de köp­san­ly tä­sin des­ga­la­ry özün­de jem­le­ýän ak mer­mer­li türk­men paý­tag­ty­na aja­ýyp gör­nüş açyl­ýar. Bu ýer­de ha­ky­ky ru­hu­be­lent­lik we sag­dyn­lyk ýag­da­ýy eme­le ge­lip­dir.
Çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da hö­kü­met ag­za­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ta­lyp ýaş­lar bar. Şeý­le hem ýyg­na­nan­la­ryň ara­syn­da ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri hem-de da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler bar.
Bu ýe­re, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ne ba­dal­ga be­ril­ýän ýe­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gel­ýär. Baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Mil­li ly­bas­ly gyz­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za gül des­se­le­ri­ni gow­şur­ýar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Mej­li­siň Baş­ly­gy, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri gar­şy­la­ýar­lar.
Köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ne ba­dal­ga be­ril­ýän ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap we mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň spor­tu­ny ös­dür­mä­ge hem-de bu mö­hüm ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na ägirt uly go­şan­dy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za egin­deş­le­ri­niň äh­li­si­niň adyn­dan sport we­lo­si­pe­di­ni sow­gat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sow­gat üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip hem-de ýyg­na­nan­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, we­lo­si­pe­de mün­ýär we köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ne ba­dal­ga ber­ýär hem-de ýö­ri­şiň ba­şy­ny çek­ýär. Ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­lar Çan­dy­bil şa­ýo­ly bo­ýun­ça he­re­ket edip baş­la­ýar­lar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­sü­re ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­lar dü­zü­mi­niň ag­za­la­ry hem-de çä­rä gat­naş­ýan beý­le­ki adam­lar we­lo­si­ped­ler­de ug­ra­ýar­lar.
We­lo­si­ped spor­ty dün­ýä­de spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tan­da hem bu spor­tuň köp­ýyl­lyk ta­ry­hy bar. Ol öz göz­ba­şy­ny 1894-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da il­kin­ji we­lo­si­ped­çi­ler jem­gy­ýe­ti­niň dö­re­dil­me­gin­den alyp gaýd­ýar. Bu jem­gy­ýe­tiň dö­re­di­le­nin­den bir ýyl ge­çen­den soň, we­lo­si­ped­çi­le­riň il­kin­ji ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş ýurdumyzda spor­tuň bu gör­nü­şi­niň ösü­şi­niň ba­şy­ny baş­la­dy.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len we­los­por­tuň däp­le­ri üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2013-nji ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­ken­di­gi­ni ýat­la­ma­ly­dy­rys. Şol res­mi­na­ma ýur­du­myz­da we­los­por­ty hö­wes­len­dir­mä­ge, bar bo­lan dü­zü­mi döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, türk­me­nis­tan­ly­la­ry spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ine, bu ge­zek hem il­deş­le­ri­miz mil­li Li­de­ri­mi­ziň we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­na ru­hu­be­lent­lik bi­len ses­len­di­ler hem-de köp­çü­lik­le­ýin çä­rä iş­jeň gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­tan­da ýaş­la­ryň hem-de uly ýaş­ly­la­ryň ara­syn­da spor­tuň bu gör­nü­şi­niň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar.

1a-profile
…Baý­ram­çy­lyk we­lo­si­ped ýö­ri­şi bar­ha bat alyp, Çan­dy­bil şa­ýo­ly, soň­ra bol­sa, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýo­ly bo­ýun­ça do­wam ed­ýär. We­lo­si­ped ýö­ri­şi­niň do­wa­myn­da şa­ýol­la­ryň ug­run­da dö­re­di­ji­lik we folk­lor to­par­la­ry­nyň kö­pö­wüş­gin­li çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy, aý­dym-sa­zyň owa­zy be­lent­den ýaň­lan­ýar, joş­gun­ly tans­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mu­nuň özi bu aja­ýyp baý­ram­çy­ly­ga öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy.
Köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ne gat­na­şy­jy­lar Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýo­ly bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti do­wam edip, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk meý­dan­ça­sy­na ta­rap ugur al­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ga­raş­syz­lyk meý­dan­ça­sy­na we­lo­si­ped­li bar­ýar, bu ýer­de Döw­let mün­be­ri ýer­leş­ýär. Şol ýer­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­rişi ta­mam­lan­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­zi hem-de sport çä­re­si­ne gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar, ça­ga­lar we ýaş­lar, köp­san­ly aş­ga­bat­ly­lar mä­hir­li gar­şy­la­ýar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mün­be­riň go­la­ýyn­da sak­la­nyp, meý­dan­ça­da­ky baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na syn ed­ýär, şol ýer­de äh­lu­mu­my ru­hu­be­lent­lik we baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­ýär.
Bu ýer­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li dö­re­di­ji­lik sow­gat­la­ry­ny taý­ýar­lan ta­lyp ýaş­la­ryň hem-de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň kö­pö­wüş­gin­li çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Baý­ram­çy­lyk öz­bo­luş­ly we­lo­si­ped­li göz­den ge­çi­ri­liş bi­len do­wam et­di­ril­di, oňa dür­li ky­sym­ly we­lo­si­ped­le­re erk ed­ýän tür­gen­ler, şol san­da Olim­pi­ýa sport mek­de­bin­de tä­lim al­ýan ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Döw­let mün­be­ri­niň öňün­den mil­li we sport ly­bas­ly hem-de meý­le­tin­çi­le­riň ly­ba­syn­da­ky ýaş we­lo­si­ped­çi­ler geç­ýär­ler. We­lo­si­ped­ler­de sirk maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän us­sat­lar hem öz­le­ri­niň ça­la­syn­ly­gy­ny we ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­ýär­ler. Sport ýa­ry­şy­na gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da baý­dak gö­te­ri­ji we­lo­si­ped­çi­ler, we­lo­si­ped­ler­de “2017-lik” sa­nyň—Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek ýy­ly­nyň şe­ki­li­ni us­sat­lyk bi­len şe­kil­len­di­ren tür­gen­ler hem bar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sport çä­re­si­ne gat­na­şy­jy­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp we hem­me­le­ri ýe­ne-de bir ge­zek Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni bi­len mä­hir­li gut­lap, bu ýer­den ug­ra­dy.
Ga­raş­syz­lyk meý­dan­ça­syn­da baý­ram­çy­lyk we­lo­si­ped ýö­ri­şi do­wam edip, ru­hu­be­lent­li­giň hem-de sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy bo­lan spor­tuň eg­sil­mez güýç-kuw­wa­ty­ny be­ýan et­di.
Şol gün köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň äh­li­sin­de hem gu­ral­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, paý­tag­ty­myz­da we se­bit­ler­de şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li dür­li sport we me­de­ni çä­re­ler ge­çi­ril­di.
Şeý­le­lik­de, şol gün­ki wa­ka­lar jem­gy­ýe­ti­mi­ziň “Sag­dyn be­den­de – sag­dyn ruh!” di­ýen ýö­rel­gä yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­lap, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň mil­li Li­de­ri­mi­ziň dö­re­di­ji­lik­li ýö­rel­ge­le­ri­niň hem-de asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň tö­we­re­gin­de berk je­bis­le­şen­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Şol baş­lan­gyç­la­ryň esa­sy mak­sa­dy bol­sa eziz Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mek­den, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr.
(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy).