Sagdyn we işjeň durmuşyň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýe-sport hereketi kuwwatly ösüşe hem-de giň gerime eýe boldy.
Ýurdumyzda “Bedenterbiýe we sport hakyndaky” Kanun hem-de degişli möhüm maksatnamalar kabul edildi. Gözel paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerimizde, şäherlerimizde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen doly üpjün edilen döwrebap sport desgalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň köp sanlysy guruldy we olaryň ençemesiniň gurluşygy dowam edýär. Öňden hereket edip gelýän şeýle desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri amala aşyryldy. Türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, mahlasy, türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagy we dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen birlikde, mekdep ýaşyna çenli edaralaryň, umumy bilim berýän orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalary düzülende we gurlanda, zerur sport düzüminiň bolmagy hökmany talapdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli strategiýasy sport döwleti hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarda, şol sanda Aziýanyň we dünýäniň çempionatlarynda üstünlikli çykyş etmegi munuň ajaýyp miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm şertidir.
Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýär hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Şunuň netijesinde, häzirki wagtda türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar, eziz Watanymyz iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär.
Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiziň halkara sport hereketini ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň giň ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Aziada – 2017-niň ýaryşlary Aşgabatda gurulýan, iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumynyň – Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda geçiriler.
Sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek bu oýunlaryň olaryň taryhynda iň giň möçberlisiniň boljakdygy bellärliklidir. Ilkinji gezek bu ýaryşlara Okeaniýa ýurtlaryndan türgenler gatnaşar. Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda eýýäm birnäçe halkara synag ýaryşlary üstünlikli geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Başlygy bolmak bilen, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna – sporty ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Hormat ordenine mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Aziada – 2017-ä gatnaşyjy döwletleriň düzümini giňeltmek hakynda 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ähtnama gol çekmek dabarasynda eden çykyşynda: “Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan örän möhüm ugurlarynyň biridir. Bu syýasat halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli ösdürip ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu maksatlardan ugur alnyp, “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011 – 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda 2012 – 2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň Umumydöwlet maksatnamasy” kabul edildi” diýip, aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalan “Türkmenistanda 2011 – 2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanda 2012 – 2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň Umumydöwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berýär. Bu maksatnamalara laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ähli bilim edaralarynda sport desgalary döredilýär, şeýle hem Türkmenistanyň ähli künjeklerinde köp sanly dynç alyş öýleri, şypahanalar hem-de beýleki sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar.
Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bedenterbiýe we sport düzümleri döredildi. Halkara sport bileleşiginiň ünsüni barha köp özüne çekýän paýtagtymyz Aşgabat munuň aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyz soňky ýyllarda düýbünden täze binagärlik keşbine eýe boldy, täsin sport desgalary, ozaly bilen bolsa, dünýä derejeli olimpiýa desgalary baş şäherimiziň ajaýyp bezegine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz: “Sport – bu güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň we ruhuň täze belentliklere tarap öňe ymtylmasynyň ýüze çykmasydyr” diýip, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetiniň diýseň uludygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň özi meşhur alym lukman, ajaýyp türgen hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň ynamly tarapdary hökmünde hemişe özüniň ýokary derejede beden taýýarlygyny görkezip, bagtyýar ýaşlarymyz üçin belent nusga bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň işiniň örän köpdügine garamazdan, yzygiderli esasda türgenleşik zallaryna baryp durýandygy, ýaş nesiller üçin ussatlyk sapaklaryny berýändigi görelde almaga nusgalykdyr. Bu bolsa, öz gezeginde ýurduň ilatynyň sport ýaryşlaryna köpçülikleýin goşulmagyna ýardam edýär.
Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň bütindünýä sport hereketlerine gatnaşygy artýar. Halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanýan ýokary derejeli belent baýraklarynyň san we hil taýdan ösüşi sportuň wagyz edilişiniň we goldanylyşynyň depginlerine, şeýle hem bu ulgamda döwlet syýasatynyň aýdyň netijelerine anyk şaýatlyk edýär.
Hususan-da, biziň türgenlerimiz Olimpiýa we Aziýa oýunlary wagty dünýä we Aziýa çempionatlarynda, şeýle hem beýleki iri ýaryşlarda 2007-nji ýylda 182 medala mynasyp bolan bolsalar, 2016-njy ýylda bu görkeziji 581 medala çenli artdy, ýagny, 3,2 esse diýen ýaly ýokarlandy. Şu döwürde türgenlerimiziň gazanan altyn medallary 71 medal bolanlygyndan 197-ä çenli, ýagny, 2,8 esse diýen ýaly köpeldi. Kümüş medallar 47-den 182-ä, ýagny, 3,9 essä çenli ýokarlandy, bürünç medallar bolsa, 64 bolanlygyndan 202-ä çenli ýa-da 3,1 esseden gowrak artdy.
2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 61-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 32-si geçirildi. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 36-syna gatnaşdylar we jemi 219 medal (93 altyn, 56 kümüş we 70 bürünç medal) gazandylar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň uly möçberli başlangyçlaryny häzirki wagtda doly derejede döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” meşhur sözleriniň anyk beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Asyllylygyň bu senasy parahatçylygyň we adalatlylygyň, döredijiligiň we ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryny, ýaşlygyň we ýeňşe bolan ymtylyşyň ruhuny: “Sport! Sen – Parahatçylyk!” diýen sözlerde wasp edýär.