Her ýy­lyň 7-nji ap­rel­in­de Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len bi­le­lik­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ni giň­den bel­läp geç­ýär.
Ine, şu ýyl bu baý­ram­çy­ly­gyň da­ba­ra­la­ry Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa türk­men ke­na­ryn­da­ky “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­di. Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni bi­ziň ýur­du­myz­da ha­ky­ky äh­li­halk baý­ram­çy­lyk de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Mu­nuň özi hä­zir­ki türk­men jem­gy­ýe­tin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar bol­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­ly çä­re­le­riň çäk­le­rin­de Awa­za­da “Azia­da – 2017: Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ug­run­da hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy” at­ly hal­ka­ra sport kong­re­si ge­çi­ril­di. Onuň işi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň pre­zi­den­ti Şeýh Ah­mad Al-Fa­had Al-Sa­bah gat­naş­dy. Şeý­le hem hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şan da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň, Hal­ka­ra sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, dür­li ýurt­la­ryň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­tet­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri bar.
Mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­ra fo­rum­da eden çy­ky­şyn­da hä­zir­ki dö­wür­de spor­tuň we olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gy, bi­rek-bi­re­ge hor­ma­ty pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Mil­li Li­de­ri­miz şu ýy­lyň 17-27-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň “Sag­dynlyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni hem-de Azi­ýa­nyň 45 döw­le­ti bi­len bir ha­tar­da, Okea­ni­ýa döw­let­le­ri­niň 17-si­niň hem il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Azi­ýa oýun­la­ry­na 6 mü­ňe go­laý tür­gen gat­na­şyp, olar spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şer­ler. Şeý­le hem bu Oýun­la­ra 30 müň da­şa­ry ýurt­ly myh­ma­nyň, ýüz­ler­çe köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz öz çy­ky­şyn­da Aş­ga­bat­da 5 mil­liard dol­la­ra go­laý ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri öz­leş­di­ri­lip, Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň gur­lan­dy­gyny we se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk bu sport top­lu­myn­da 40-a go­laý des­ga­nyň bar­dy­gy­ny, ola­ryň ha­ta­ryn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça mil­li we hal­ka­ra de­re­je­sin­de sport ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek üçin 16 sport des­ga­sy­nyň gur­lan­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Bos­gun­lar Azia­da–2017-ä gat­na­şar­lar
Şeý­le hem hal­ka­ra kong­re­se gat­na­şan Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ne­şi­niň pre­zi­den­ti Şeýh Ah­mad Al-Fa­had Al-Sa­bah bol­sa, öz çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de gura­mak üçin uly taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni ge­çi­ren­di­gi­ni bel­le­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Aş­ga­bat­da­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň has göw­rüm­li sport ýa­ry­şy­nyň bi­ri bol­jak­dy­gyny aýtdy. Şeý­le hem ol bu ýa­ry­şa bos­gun­la­ryň hem gat­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gyny bel­läp geç­di. Bu ýag­daý has-da gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Çün­ki Brazi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na il­kin­ji ge­zek bos­gun­lar gat­na­şyp­dy. Aş­ga­bat­da­ky V Azi­ýa oýun­la­ry bos­gun­la­ryň gat­naş­jak ikin­ji uly ýa­ry­şy bo­lar we ola­r Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň baý­da­gy as­tyn­da ýa­ryş­la­ra gat­na­şar­lar, di­ýip Şeýh Ah­mad Al-Fa­had Al-Sa­bah bel­läp geç­di.
Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň pre­zi­den­ti Aş­ga­bat­da­ky Azia­da­nyň çäk­le­rin­de elekt­ron sport gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Mun­dan ozal, Azi­ýa­nyň çäk­le­rin­de bu ugur­da ýa­ryş­lar ge­çi­ril­ip, soň­ra olar ýa­ty­ry­lyp­dyr. Hä­zir Hy­ta­ýyň “Ali­ba­ba Group” kom­pa­ni­ýa­sy spor­tuň elekt­ron gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry tä­ze­den ýo­la goý­mak üçin tas­la­ma­la­ryň üs­tün­de iş­le­ýär. Ony Aş­ga­bat­da­ky Azia­da­nyň çäk­le­rin­de ýo­la goý­mak mak­sat edi­nil­ýär.