Paý­tag­tymyz Aş­ga­bat­da “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda ge­çi­ril­jek we bar­ha go­laý­lap gel­ýän Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça VAzi­ýa oýun­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­dä­ki, ga­ly­ber­se-de, sport äle­min­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dy­rar. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy Azi­ýa Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dyr­jak şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bo­lar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2010-njy ýyl­da Ku­weýt döw­le­ti­niň paý­tag­ty El-Ku­weýt­de Azi­ýa Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň hem-de Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da 2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­rin­de “Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ha­kyn­da” şert­na­ma gol çe­kil­di. Bu ta­ry­hy yla­la­şyk bi­ziň ýur­du­my­zyň se­ne­na­ma­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi Azi­ýa se­bi­ti­niň iň uly ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek hu­ku­gy­ny Türk­me­nis­tana ynan­dy. Ol hem Türk­me­nis­ta­nyň şeý­le iri sport ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mä­ge ähli mümkinçilikleriniň bardygyny ýene bir ýola subut etdi.
Azi­ýa Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň bu yna­my­ny öde­mek üçin Türk­me­nis­tan­da Azi­ýa oýun­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lan­mak üçin şu gü­ne çen­li köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Mu­nuň üçin V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti dö­re­dil­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, top­lum­la­ýyn hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek hu­ku­gy­na di­ňe mil­li sport bin­ýa­dy ýo­ka­ry de­re­je­de ösen ýurt­lar eýe bol­ýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň döw­re­bap sport-sa­gal­dyş des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na ägirt uly ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni gö­nük­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ma­ly­dy­rys. Şun­da sport ul­ga­my­nyň dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şol ul­ga­ma bol­sa di­ňe bir ýo­ka­ry ne­ti­je­ler spor­tu­ny ös­dür­me­giň bin­ýa­dy hök­mün­de däl, eý­sem be­den­ter­bi­ýe – köp­çü­lik­le­ýin he­re­ke­ti, be­den taý­dan sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­le­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mek hök­mün­de hem ga­ral­ýar.
Di­ňe soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men paý­tag­tyn­da sta­di­on­la­ryň bir­nä­çe­si, Buz­ly köşk, Suw sport top­lu­my, Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­my we beý­le­ki köp­san­ly sport des­ga­la­ry gu­rul­dy hem-de ulan­ma­ga be­ril­di. Ýur­du­my­zyň äh­li et­rap­la­ryn­da, şä­her­le­rin­de we we­la­ýat­la­ryn­da hä­zir­ki gü­nüň ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän sport des­ga­la­ry­nyň on­lar­ça­sy he­re­ket ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, mil­li we hal­ka­ra de­re­je­li dür­li sport çä­re­le­ri – ýa­ryş­lar, çem­pio­nat­lar we beý­le­ki­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.
Bu ýag­daý sport ýa­ry­şy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem Olim­pi­ýa ru­hu­ny, Olim­pi­ýa hal­ka­la­ry­ny düz­ýän bäş yk­ly­myň iki­si­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy we ru­hu­be­lent­li­gi ber­kit­mä­ge ýar­dam eder. Aş­ga­bat iki yk­ly­myň mer­ke­zi­ne öw­rü­ler.
V Azi­ýa oýun­la­ryn­da Azi­ýa­nyň 45 döw­le­tin­den we Okea­ni­ýa­nyň 17 döw­le­tin­den, je­mi 62 döw­let­den, tür­gen­ler spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şer­ler. Okea­ni­ýa döw­let­le­ri­niň Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na il­kin­ji ge­zek gat­naş­ma­gy oýun­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dy­rar.
Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, dün­ýä­niň 62 döw­le­tin­den tür­gen­le­riň 6 müňe golaýy spor­tuň 21 gör­nü­şin­de, şol san­da kon­kur­da we türk­men gö­re­şin­de güýç sy­na­ny­şar. Spor­tuň bu gör­nüş­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň tek­li­bi bo­ýun­ça oýun­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­di.
Şeý­le­lik­de, müň­ler­çe adam­lar – tür­gen­ler, žur­na­list­ler we jan­kö­ýer­ler öz­le­ri üçin ru­hu­be­lent­li­giň hem-de ösü­şiň, spor­tuň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy bo­lan Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Türk­me­nis­tan Or­ta Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da il­kin­ji bo­lup Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek hu­ku­gy­na eýe bol­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ägirt uly ab­ra­ýy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Dün­ýä­niň sport dur­mu­şyn­da­ky iri çä­re ýur­du­my­zyň gö­zel­li­gi­ni, köp­dür­lü­li­gi­ni we gaý­ta­lan­ma­jak keş­bi­ni, myh­man­sö­ýer­li­gi­ni hem-de tu­tuş dün­ýä açyk­ly­gy­ny, äh­li ugur­lar­da iş­jeň we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­ly­gy­ny gör­kez­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň özi Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň “Sag­dyn­lyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk” di­ýen şy­ga­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Azi­ýa se­bitin­de bu iri yk­lym ýa­ry­şy paý­tag­ty­myz­da bi­na edil­ýän Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de ge­çi­ri­ler. Bu top­lum di­ňe bir is­len­dik ýa­ryş­la­ry ge­çir­mä­ge ukyp­ly bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem türk­men tür­gen­le­ri üçin Azi­ýa oýun­la­ry­na, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na, ga­ly­ber­se-de iri ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk üçin tür­gen­le­şik mer­ke­zi­ne öw­rü­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­ri­mi we äh­mi­ýe­ti taý­dan gör­lüp-eşi­dil­me­dik bu tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy­na 2010-njy ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da gi­ri­şil­di. Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi – 30-dan gow­rak des­ga­ny öz içi­ne al­ýan kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­dyr. Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi di­ňe bir ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen sport des­ga­la­ryň top­lu­my hök­mün­de däl-de, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň sport ab­ra­ýy­nyň has-da belende galmagynda uly äh­mi­ýe­te eýe bolar.