Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna örän az wagt galdy. Barha golaýlaýan Aziada – 2017-niň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda gurlan halkara ülňülerine doly gabat gelýän Olimpiýa şäherjiginde birnäçe synag ýaryşlary geçirildi.
2017-nji ýylyň 22-30-njy apreli aralygynda Olimpiýa şäherjiginde “Inspiring Ashgabat” taslamasynyň çäklerinde birnäçe halkara synag ýaryşlary geçiriler.
V Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, “Inspiring Ashgabat” synag ýaryşlarynyň tapgyrynyň çäklerinde agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty, WAKO ugrundan kikboksing boýunça Aziýa çempionaty we gysga aralyga ýüzmek boýunça halkara ýaryşy bolar.
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde birbada birnäçe halkara ýaryşy ilkinji gezek geçiriler. Bu bolsa, köpugurly sport klasteriniň oýunlara taýýarlygyny barlamaga mümkinçilik berer.
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty apreliň 23-29-y aralygynda geçiriler. Ýaryşda türgenler ştangany itekläp we silkip götermekde umumy netije boýunça ähli agramlarda medallaryň 144 toplumy ugrunda bäsleşerler. Rio – 2016-nyň netijeleri boýunça 45 medalyň 31-sini aziýaly türgenleriň eýelemegi-de ýaryşyň derejesiniň ýokarylygyna şaýatlyk edýär.
Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty Söweş sungaty sport toplumynda apreliň 26-30-y aralygynda geçiriler. 20 ýurduň wekilleri 5 günüň dowamynda medallaryň 354 toplumy ugrunda bäsleşerler.
26-27-nji aprelde gysga aralyga ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçiriler, onda gazagystanly, gyrgyzystanly, özbegistanly, täjigistanly, eýranly we owganystanly türgenler özbaşdak we estafeta bäsleşiklerinde güýç synanyşarlar.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň dessin meseleler boýunça direktory Mik Raýtyň belleýşi ýaly, synag ýaryşlary Aziada – 2017-ä taýýarlygyň abraýly bölegidir. Olar ýurdumyza ünsi çekmäge, ýokary netijeli sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge niýetlenendir. “Inspiring Ashgabat” çäresi türkmenistanlylara Olimpiýa şäherjiginiň binalary bilen tanyşmaga, bäsleşiklere ýakyndan syn etmäge mümkinçilik berer.