Bütindünýä saglyk gününe gabatlap, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada – 2017: Parahatçylyk we ösüş ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresi geçirildi. Bu halkara forumyň işine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Halkara forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza Halkara Meýkuban Godzu-rýu Karate-do Assosiasiýasynyň karate-do-nyň hormatly 10-njy dany hem-de Aziýanyň Küşt Federasiýasy tarapyndan küşt sportuny ösdürmäge goşan goşandy üçin “Ýylyň adamy” diýen görnükli baýraklar gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimize karate-do-nyň 10-njy danyny Halkara Meýkuban Godzu-rýu Karate-do Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Meýtatsu Ýagi, “Ýylyň adamy” baýragyny Aziýanyň Küşt Federasiýasynyň prezidenti Şeýh Sultan bin Halifa bin Şahbut Al Nahaýýan dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Karateniň Godzu-rýu görnüşi dünýäde söweş sungatynyň iň naýbaşylarynyň biridir. Sportuň bu görnüşi başa-baş söweşiň hakyky sungaty bolup, adamyň içki güýjüni ulanmaklyga gönükdirilendir. Godzu-rýu karateniň beýleki görnüşlerinden özüniň energiýa ukyplylygy we ýokary söweş netijeliligi bilen tapawutlanýar.
Sportuň küşt oýny dünýäde iň gadymy we ýörgünli oýunlaryň biridir. Ynsan aňyny, akyl taýdan pikirleniş derejesini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan küşt oýny bilen meşgullanýanlaryň sany dünýä ýüzünde barha artýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň 21 görnüşiniň biri bolan küşt oýnuny ösdürmäge ýurdumyzda uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz, Sizi halkara derejesindäki görnükli baýraklaryň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Belent sylaglaryňyz gutly bolsun, Gahryman Arkadagymyz!