2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda guraljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän birnäçe şekillerden ybaratdyr.
Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandydyr. Ahalteke bedewi bütin dünýäde özüniň ýyndamlygy, üşükliligi, çydamlylygy we haýran galdyryjy gözelligi bilen tanalýar. V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda ýerleşdirilen ahalteke bedewiniň şekili sagdynlygy alamatlandyrýar.
Nyşanda ýerleşdirilen ýarymaýyň şekili Türkmenistanyň Döwlet baýdagyndan nusga hökmünde alyndy. Täze dogan Aý täze başlangyçlaryň, aýdyň maksatlaryň, iň esasy-da, ruhubelentligiň keşbini özünde jemleýär.
V Aziýa oýunlarynyň nyşanyndan orun berlen ýyldyzyň şekili Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyndan nusga hökmünde alyndy. Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň sport nyşany bolan bu ýyldyzyň şekili dostlugyň aňlatmasy bolup çykyş edýär.
Şeýlelikde, bu şekilleriň we olardaky reňkleriň ählisi birleşip, V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny emele getirmek bilen, Aşgabat Aziadasynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygaryny hem alamatlandyrýar. Nyşanyň umumy aýlaw şekili agzybirligiň, jebisligiň we oňyn hyzmatdaşlygyň alamaty hökmünde ýerleşdirildi. Şeýle hem nyşanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ady we geçirilýän ýeri halkara dilleriň biri bolan iňlis dilinde ýazyldy.
Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumarynda türkmen halkynyň köpasyrlyk geçmiş taryhy hem-de baý medeni mirasy çeper beýan edildi.
Geçmişde türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda, amatly ýerde ýerleşmek bilen, bütin sebitde we dünýäde söwdanyň, ylym-bilimiň, medeniýetiň we döredijilik pikirleriniň pajarlap ösmegine uly goşant goşandyr.
Tumaryň esasy mazmunyny düzýän Beýik Ýüpek ýolundan barýan kerwenler, ak öýler, alabaý iti we türkmen bagşysy, milli türkmen göreşi, türkmen topragynda gülläp ösen gadymy medeniýetleriň nyşany bolan ýadygärlikler, ýyndam ahalteke bedewi, sahawatly türkmen topragyndan önýän pagta, bugdaý, gawun… — bularyň ählisi şu günümiziň ajaýyp keşbi bilen sazlaşýar. Tumaryň häzirki döwrümizi aňladýan böleginde gözel paýtagtymyzda we Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Awazada gurlan milli öwüşginli döwrebap binalaryň şekilleri hem orun aldy. Tumaryň ugry Bagt guşunyň belentlikdäki şekilini aňladýar, bu görnüş ýurdumyzyň beýik maksatlar bilen bagtyýar geljege tarap ynamly gadamlaryny alamatlandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlarynyň tumary baý we myhmansöýer türkmen kalbynyň özboluşly beýanydyr. Şöhratly geçmişiň, şanly şu günüň, beýik geljegiň çeper utgaşygydyr.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde tassyklanyldy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaýynyň keşbi saýlanyp alyndy. Alabaý türkmen durmuşynda maşgala ojagynyň, abadançylygyň goragçysy bolup durýar. Ol ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly, sürini, öýi, emlägi sak durup goraýjy, batyr, gaýduwsyz, buýsançly. Şu nukdaýnazardan, V Aziýa oýunlarynyň şekili bolup durýan alabaýa Wepaly diýip at dakyldy.
Wepaly dogruçyl, adalatly we aýgytly hereket etmegiň, garşydaşy ýeňmegiň — ýeňşiň yşaratydyr. Ol göreşlerde pälwan, toýlarda şadyýan, hünärde ezber, her bir işde janypkeş türkmen türgenlerini öz gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýörelgesine eýerdip, V Aziýa oýunlarynda sport ýeňişlerine alyp gider.
Wepalynyň milli geýimleri onuň özboluşlylygynyň üstüni ýetirýär.
Bezeg nusgasy Aziada — 2017-niň nyşany, tumary we şekili bilen sazlaşykly utgaşýar. Toý lybasly — başy ak telpekli, ezýaka köýnekli, gyrmyzy donly Wepaly bir elinde Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyny, beýleki elinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny buýsançly göterip, girelgäniň öňünde dostlugy, myhmansöýerligi, açyklygy bilen myhmanlary garşylaýar. “Hoş geldiňiz V Aziýa oýunlaryna!” diýen ýazgylar türkmen we iňlis dillerinde ýerleşdirildi.
Girelgäniň ak reňkde bolmagy ak şäherimiz Aşgabady, ak arzuwlarymyzy, ýeňişlere alyp barýan ak ýoly alamatlandyrýar.
Bu nusga Aziadanyň belent ruhunyň içgin duýulmagyna ýardam etmek bilen, köp sanly türgenlerde, myhmanlarda ýakymly duýgulary döreder.
Şeýlelikde, Aziada — 2017-niň nyşany, tumar we şekil bir bitewi gurluşda orun alan Wepaly, türkmen paýtagtynda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna dünýäniň çar künjegindäki dostlarymyzy Aşgabada çagyrýar.