Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da iri des­ga­la­ryň 1900-e go­la­ýy­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Ola­ryň umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 48 mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak­dyr. Ola­ryň 1790-sy­ny ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ry gur­ýar­lar. 2017-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ýur­du­myz­da äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän, umu­my meý­da­ny 400 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, şeý­le hem Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri, sa­gal­dyş-dynç alyş we sport mer­kez­le­ri, ça­ga­lar bag­la­ry hem-de baş­ga-da köp­san­ly dur­muş ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­lar bar.
Se­na­gat des­ga­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ka­liý dö­kün­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­da iri Gar­lyk dag-mag­dan baý­laş­dy­ry­jy top­lum (Le­bap we­la­ýa­ty) aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kar­ba­mid we am­mi­ak önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça ägirt uly des­ga­lar, gaz­-hi­mi­ýa top­lu­my gu­rul­ýar.