Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň – Aşgabat–2017-niň senasyny seçip almaga, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada–2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara çäräniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Şeýle hem onda hormatly Prezidentimiziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek we şol sanda Oýunlaryň senasyny taýýarlamak boýunça öňe süren wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, welaýatlarda medeniýeti ösdürmek boýunça jogapkär adamlar, artistler, ýazyjylar, suratkeşler, kompozitorlar, ýurdumyzyň medeni-aň bilim edaralarynyň işgärleri, türgenler gatnaşdylar.
Maslahatda bellenilişi ýaly, taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýan Aziada–2017-niň oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň hünärmenleri daşary ýurtlaryň dünýäde iri sport ýaryşlaryny, halkara derejeli çäreleri geçirmekde baý tejribesi bolan belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Maslahatda Ministrler Kabinetiniň 24-nji martda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň döredijilik işgärleriniň arasynda V Aziýa oýunlarynyň senasyny taýýarlamak boýunça bäsleşigi yglan etmek babatda beren tabşyrygy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan medeni-köpçülikleýin çäreleriň dowamynda senalaryň hödürlenen görnüşleriniň ýerine ýetirilmeginiň maksada laýyk boljakdygy barada aýdandygyny nygtadylar.
7-nji aprelde Awazada geçirilen konsertiň barşynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň estrada ýyldyzlary çykyş etdiler. Oňa hormatly myhman hökmünde döwlet Baştutanymyz hem gatnaşdy. Aşgabat Aziadasyny dabaralandyrýan täze aýdymlar ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň sahna çykyp, Oýunlaryň senasynyň bir görnüşi hökmünde özüniň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyny ýerine ýetirmegi oňa gatnaşyjylar üçin özboluşly sowgat boldy.
Çykyş edenler halkymyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edýän, dünýä ýüzünde Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin açyklygyň ýurdy hökmündäki derejesini ykrar etmäge gönükdirilen “Aşgabat–2017” ýaly giň möçberli taslamanyň çäklerinde bir bitewi ýörelgäni özünde jemleýän medeniýetiň we sportuň ösdürilmegine uly goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maslahatyň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasy hökmünde saýlamagy biragyzdan goldadylar.