Dünýäniň ykdysady ösüşinde öňegidişlikleriň bolup geçýändigi mälim edildi. Bu barada Belgiýanyň paýtagty Brýusselde çykyş eden Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) başlygy Kristin Lagard habar berdi.
HPG-niň baha bermegine görä, üstümizdäki ýylda dünýäniň ykdysady ösüş depgini 3,4 göterime deň bolar. 2016-njy ýylda bu görkeziji 3,1 göterime deň bolupdy. Lagardyň belläp geçişi ýaly, ählumumy ösüş depgininiň ýokarlanmagy önümçilik işjeňligini artdyrmaga mümkinçilik berer.
6 ýyldan soňra dünýäniň ykdysadyýetiniň ösüş depgini ýokarlanyp başlady. Bu ugurdaky gazanylýan ädimler has köp iş orunlarynyň döremegine, has köp girdejileriň gazanylmagyna, geljekde has uly ösüşlere eýe bolunmagyna şert döreder – diýip, Kristin Lagard gürrüň berýär.
Şeýle hem 2017-nji ýylda bütindünýä söwdada 2,4 göterim ösüş gazanyljakdygy mälim edildi. Muny Bütindünýä söwda guramasynyň hasabatlaryndan görmek bolýar. Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde guramanyň wekilleriniň taýýarlan hasabatyna görä, 2016-njy ýylda dünýä söwdasy 1,3 göterim artdy. Mundan başga-da 2018-nji ýylda global söwdada ösüş depgininiň 2,1 göterimden 4 göterime çenli ýokarlanjakdygy çaklanylýar.