2016-njy ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyna bagyşlanan «Türkmenistan we halkara guramalary: ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk» atly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we bilermenleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynda, halkara guramalary, esasan, Birleşen Milletler Guramasy bilen, hyzmatdaşlyga wajyp ähmiýet berilýändigini bellediler. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadynda halkara borçlara wepaly bolmak, şeýle hem, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda bilelikdäki tagallalaryň durandygy bellenildi. Türkmenistanyň halkara guramalarynyň iri düzümleriniň agzalygyna, ilkinji nobatda, BMG-niň ýolbaşçy düzümlerine yzygiderli we biragyzdan saýlanmagy onuň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky eýeleýän täsirli ornuny aňladýar.
Şunlukda, Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç sany komissiýasyna, hususan hem 2017-2020-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna, 2016-2020-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň ilat we ösüş boýunça Komissiýasyna we 2017-2021-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna saýlanylmagy bu guramanyň esasy düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize halkara meýdanynda oňyn seslenmelere eýe bolýan başlangyçlaryna ygrarlylyk beýan edilip, minnetdarlyk bildirildi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň milli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin EKOSOS-yň üç sany komissiýalaryna saýlanmagyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary ýurt agentlikleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen habarçylary, elektron we neşirleýin habar beriş serişdeleriniň baş redaktorlary, şeýle hem, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Metbugat maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň halkara guramalary bilen bilelikdäki işi barada giňişleýin maglumat berildi we Türkmenistanyň halkara hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmaklyga işjeň gatnaşmagy barada aýdyldy.