Alymlar düýş görmegiň adamyň oýlanyş ukybynyň derejesine baglydygyny mälim edýärler. Hünärmenler şeýle maglumaty birnäçe barlaglary we tejribeleri geçirenlerinden soňra, habar berdiler. Görüp otursalar, hemmeler açyk we aýdyň düýşleri görüp bilmeýän eken. Käbir adamlar ukuda mahaly reňkli şekilleri görmäge ukyply däl bolup çykdy. Lukmanlar düýşleri ýatda saklamagyň hem adamyň akyl we oýlanyş ukybyna baglydygyny tassyklaýarlar. Alymlar klinik we tejribe barlaglaryny geçirýän mahallary şunuň ýaly netijä geldiler.
Täze taslamanyň awtorlary ABŞ-nyň işgärleridir. Barlagyň başyny başlaýjylar meýletinçileriň beýni işjeňligini dykgatly öwrenip, özboluşly kanunalaýyklygy anykladylar. Bu synaga 2 müň meýletinçi gatnaşypdyr. Oglanlaryň we gyzlaryň köpüsiniň öz gören düýşlerini ýatda saklap bilmeýändigi belli boldy. Şunuň bile birlikde, käbir adamlar öz ömründe asla düýş görmeýän eken. Şeýlelikde, bu prosese adamyň akyl ýetiriş we oýlanyş usuly täsir edýän eken.