“Bugatti” kompaniýasy nemes firmasy PG-niň gatnaşmagynda 95 göterimi kömür plastikasyndan ybarat bolan has ýeňil welosipedi öndürdi. Bu welosipedleriň jemi 667 sanysy çykarylyp, olaryň her biriniň bahasy 39 müň dollara durýar.
“PG Bugatti” welosipediniň agramy bary-ýogy 5 kilograma deňdir. Işläp düzüjileriň sözlerine görä, bu welosiped taslananda awtoulag gurluşygynda we aerokosmos pudagynda ulanylýan özboluşly tehnologiýadan peýdalanylypdyr. Ol işlenip düzülende aerodinamikasyna we amortizasiýasyna aýratyn üns berlipdir. Şeýle hem, täze welosipediň “Bugatti”-niň awtoulaglarynyň üstüni ýetirjekdigi bellenip geçilýär.
Mundan ozal, “Bugatti” kompaniýasy Ženewa awtosalonynda iň gowy diwarlyk üçin baýraga eýe bolupdy. Şol wagt kompaniýanyň diwarlygynda diňe bir awtoulag – giperkar “Chiron” köpçülige hödürlenilipdi.