Alymlaryň gelen netijelerine görä, gülki ýüregi we öýkeni türgenleşdirip, saglygy berkidýär. Deliniň “Indraprastha Apollo” hassahanasynyň lukmany Saçandra Katar Guptanyň ýolbaşçylygyndaky barlag geçirijiler topary şeýle netijä geldiler. Olaryň hasaplamalaryna görä, mundan ozal, adamlar her günde 18 minutlap gülýän ekenler. Şu günki günde bolsa, ol 6 minutdan geçmeýän eken.
Adamlar çagalyk döwründe her günde 400 gezek gülüp bilýär. Uly ýaşda günde diňe 15 gezek. Şeýle hem, gülkiniň saglygy berkidýänligi lukmançylykda subut edilen hakykat. Şonuň ýaly hem, keselleriň 70 göterimden gowragyna stres sebäp bolýar. Doktor Gupta stresi gülkiniň kömegi bilen ýeňip geçmegi maslahat berýär.