Formula 1 dünýä çempionatynda ýylyň 2-nji ýaryşy Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirildi. Bu ýerde 1-nji bäsleşikde 2-nji ýeri alan Lewis Hamilton ýeňiş gazansa, Awstraliýa “Gran Prisiniň” ýeňijisi Wettel 2-nji orna mynasyp boldy. Bu ýaryşdan soň, entek ir hem bolsa, çempionlyk göreşiniň şu iki sürüjiniň arasynda boljakdygyny bilermenler bellediler.
55 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda ilkinji hatardan bat alan “Mersedes” toparynyň britan piloty Lewis Hamilton soňuna çenli ornuny saklady. Pellehanadan 1 sagat 37 minut 37,158 sekuntda geçen Hamilton karýerasyndaky 54-nji ýeňşini baýram etdi. Ondan 6,2 sekunt soň pellehana gelen “ferrarili” Sebastian Wettel 2-nji, 45,2 sekuntlyk az netije görkezen “Red Bulldan” gollandiýaly Maks Werstappen 3-nji orny eýeledi. Toparyň beýleki sürüjisi, awstraliýaly Daniel Rikkiardo 4-nji ýere mynasyp boldy. Finlýandiýaly sürüjiler “Ferrariden” Kimi Raikkonen bilen “Mersedesden” Waltteri Bottas 5–6-njy orunlary paýlaşdylar. Möwsümiň indiki bäsleşigi 16-njy aprelde, ýagny ertir Bahreýnde geçiriler.