NBA-da (Amerikan milli basketbol ligasy) adaty möwsüm tamamlanyp, pleý-offda çykyş etjek klublar belli boldy. Şoňa görä, Gündogar zolagynda “Boston Seltiks” 1-nji, soňky çempion “Kliwlend Kawaliers” 2-nji orny eýeledi. Bu zolakda adaty möwsümiň ahyrky oýunlarynyň netijesinde, “Çikago Bulls” bilen “Indiana Peýsers” toparlary pleý-offa goşulmaga hukuk gazanan soňky 2 klub boldy.
Günbatar zolagynda-da super ýyldyzlaryň topary we çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden “Golden Steýt Warriors” 1-nji, “San Antonio Spars” 2-nji basgançaga mynasyp boldy.
NBA-nyň iň köp çempion bolan 2-nji topary “Los Anjeles Leýkers” öz zolagynda 14-nji orny eýeledi. Olar bassyr 3 möwsümden bäri pleý-offuň daşynda galýar.
15-nji aprelde başlanjak pleý-off oýunlary maý aýynyň ahyryna çenli dowam eder. 4 oýunda ilkinji bolup ýeňiş gazanan toparlar nobatdaky tapgyra çykarlar. NBA-da final oýunlary-da 1-nji iýunda başlar.
Gündogar zolagy: 1. “Boston Seltiks”–“Çikago Bulls”, 2. “Waşington Wizards”–“Atlanta Hawks”, 3. “Toronto Reptors”–“Milwaki Baks”, 4. “Kliwlend Kawaliers”–“Indiana Peýsers”.
Günbatar zolagy: 1. “Golden Steýt Warriors”–“Portland Treýl Bleýzers”, 2. “Los Anjeles Klippers”–“Ýuta Jazz”, 3. “Hýuston Rokets”–“Oklahoma Siti Tander, 4. “San Antonio Spars”–“Memfis Grizzlis”.