Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 4-nji ýaryşy Fransiýa Rallisinde “Hyundai Motorsport” toparynyň wekili, belgiýaly Tierri Noýwill ýeňiji boldy. Ol Bastiýa şäherinde geçirilen 10 tapgyrly, jemi 316,76 kilometrlik ýaryşda 3 sagat 22 minut 63,4 sekuntlyk netije görkezdi. Bu onuň karýerasyndaky 3-nji ýeňşidir. Fransiýa Rallisinde ýer eýesi Sebastian Ožie (“Ford Motorsport”) 2-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy. Möwsümiň 1-nji ýaryşynyň ýeňijisi, soňky çempion Ožie geçenki Meksika Rallisinde-de 2-nji orny eýeläpdi. Noýwilliň ispaniýaly topardaşy Dani Sordo 3-nji basgançaga mynasyp boldy.
Geçirilen 4 ýaryşdan soň, Ožie 88 utuk bilen sanawda öňde barýar. Ýari-Matti Latwala 75 utuk toplap 2-nji, 54 utukly Tierri Noýwill bolsa, 3-nji orny eýeleýär. Möwsümiň nobatdaky bäsleşigi 28–30-njy aprel aralygynda Argentinada geçiriler.