Luiziana uniwersitetiniň barlag geçirijileri 14386 adamyň gatnaşmagynda synag geçirip, her günde hoz iýmegiň saglygy berkidýändigini, artykmaç agramdan dyndarýandygyny we düwnükden hem goraýandygyny subut etdiler. Badam, brazil hozy, pisse, kedr hozy, şeýle hem grek hozy beloklara, kletçatkalara we doýgun däl ýaglara, şeýle hem witaminlere we minerallara baýdyr.
Iýmitinde yzygiderli hoz ulanýan adamlar ýürek agyrysyna we onkologik kesellere seýrek duçar bolýarlar. Hoz we onuň ýagyna baý bolan iýmit howply çişmeleriň ösüşini haýalladýar. Grek hozy holesteriniň derejesini pese düşürýär: her günde 30 gram grek hozy bilen baýlaşdyrylan berhiz holesteriniň derejesini ep-esli peseltmäge ýardam berýär.