Us­sat akt­ýor Bred Pit­tiň no­bat­da­ky su­ra­ta düş­jek ki­no­sy “Ad Ast­ra” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Yl­my-fan­tas­tik gör­nüş­dä­ki ki­no­da ol in­že­ne­riň keş­bi­ni jan­lan­dy­rar. Jeýms Gre­ýiň re­žiss­ýor­lyk et­jek filminiň su­ra­ta al­nyş iş­le­ri iýu­lyň 17-sin­de baş­la­nar. Sse­na­ri­si Jeýms Greý we Itan Gross ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lan ki­no 2018-nji ýy­lyň 2-nji ýa­ry­myn­da pro­ka­ta çy­kar.
* * *
Gol­li­wu­dyň meş­hur ýyl­dyz­la­ryn­dan, os­kar­ly Na­ta­li Port­man “Branco Bel­le” at­ly film­de su­ra­ta dü­şer. Ze­nan re­žiss­ýor An­na Ro­uz Hol­mer ta­ra­pyn­dan ek­ran­laş­dy­ryl­jak ki­no­da ro­deo­çy (ökü­ziň üs­tün­e mü­nüp sak­lan­mak spor­ty) aýal Reý­len Jek­son ba­ra­da gür­rüň ber­ler. Fil­miň sse­na­ri­si­ni Kur­ram Lon­gi ýa­zar.
* * *
Os­kar­ly owa­dan akt­ri­sa Ali­sia Wi­kan­der “Freaks­hift” at­ly uruş­ly-tril­ler­de baş keşp­de su­ra­ta dü­şer. Ki­no­nyň su­ra­ta al­nyş iş­le­ri akt­ri­sa­nyň “Tomb Rai­der” fil­mi­niň ek­ran­laş­dy­ry­ly­şy ta­mam­la­na­nyn­dan soň baş­lanar. “Freaks­hift” ki­no­sy­ny Ben Wit­leý su­ra­ta dü­şür­se, onuň sse­na­ri­si­ni ýaz­mak­lyk Emi Jam­pa tab­şy­ryl­dy.