2017-nji ýylyň 18-19-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşy hasaplanýan Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary uly üstünliklere beslendi. Milli Liderimiziň taryhy sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täze itergi berip, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik derejä çykarylmagyna mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimize bu saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew tarapyndan Gazagystan Respublikasynyň döwlet sylagy – I derejeli “Dostyk” ordeni dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem milli Liderimiziň döwet galamyndan çykan türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri baradaky kitaplarynyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyrylyş dabaralary saparyň maksatnamasynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz saparynyň birinji gününde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgünde dabaraly ýagdaýda garşylandy. Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikiçäk görnüşde duşuşdylar. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Giňişleýin düzümde geçirilýän gepleşiklerde çykyş etmek bilen Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň we Gazagystanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, halkara terrorçylygynyň, ekstremizmiň wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrmak ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlary birdir diýip belledi.
Ekologiýa meselesi boýunça özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn bolşy ýaly, halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýurtlaryň ikisi hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny we kämilleşdirilmegini nazarlaýar. Gaznada başlyklyk ediji ýurduň borçnamalaryny kabul etmek bilen, Türkmenistan degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady. Onda agza döwletleriň bilelikdäki işiniň möhüm meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy olaryň üstünlikli ykdysady ösüşinde, ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär, diýip belledi. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demir ýoluň gurulmagy onuň anyk netijeleriniň biridir. Bu demir ýol häzirki zaman ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň möhüm bölegine öwrüldi we Merkezi Aziýa hem-de goňşy sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljek üçin sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň baştutany sözüni dowam etdi.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topar hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gizlin maglumatlary özara goramak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Aşgabat şäheri bilen Astana şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Aşgabat şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Astana şäheriniň akimatynyň (Gazagystan Respublikasy) arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen “Kazinform” halkara habarlar agentligi” jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiniň arasyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Telekeçileriniň “Atameken” milli edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Bilelikdäki Beýannama, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama hem-de Türkmen-gazak döwlet serhedinde demarkirlemek işlerini geçirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, oňa goldaw bermek, halkara terrorçylyk howplaryna, ekstremizme, neşeleriň dolanyşygyna garşy durmak ýaly möhüm meseleler boýunça iki ýurduň çemeleşmeleriniň umumydygyny tassyklady. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklar dowam etdiriler. Energetika we ulag ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr.
Prezident Nursultan Nazarbaýew bolsa öz çykyşynda şu gün döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini belläp, olaryň arasynda ikisini – strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany hem-de iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedinde demarkirlemek işlerini geçirmek hakyndaky Ylalaşygy aýratyn belledi. Şeýlelikde, Gazagystan we Türkmenistan serhede degişli meseleleriň ählisini çözen sebitde ýeke-täk iki döwletdir diýip, Gazagystanyň Lideri aýtdy. Strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar. Şol gatnaşyklar düýbünden täze häsiýete eýe bolýar.
Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti “Akorda” köşgünde resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişligiň barşynda Gazagystanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy üpjün etmek işine, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ägirt uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň döwlet sylagy – I derejeli “Dostyk” ordeni bilen sylaglamak barada çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Nursultan Nazarbaýew türkmen kärdeşine bu ýokary we hormatly sylagy hem-de degişli şahadatnamany gowşurdy.
Milli Liderimiz saparynyň ikinji gününde Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýup, Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady. Şondan soňra hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň milli muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy. Gazagystanyň milli muzeýinde, şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiziň gazak dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyryş dabarasy geçýärdi. Ol ýörite türkmen Lideriniň saparyna bagyşlandy. Gazagystanly okyjylara “Ahalteke bedewi–biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” hem-de “Gadamy batly bedew” diýen kitaplar hödürlendi.
Tanyşdyryş dabarasyna Gazagystanyň medeniýet we ylym ulgamynyň wekilleri, muzeý işgärleri, ýazyjylary, žurnalistleri, jemgyýetçilik işgärleri, Gazagystanyň sport toparlarynyň wekilleri hem-de meşhur atşynaslary, ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanda atçylygynyň maksada gönükdirilen döwlet goldawyny alyp, täze ýokary göterilişdedigini nygtadylar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwrüň atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyýasynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.