Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­tan­da Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň 2017-2021-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny, şeý­le hem bu mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça Çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny we Pu­da­ga­ra ut­gaş­dy­ry­jy to­pa­ryň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çek­di.

Bu çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek pu­dak eda­ra­la­ry­na, we­la­ýat­la­ryň we paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­lik­le­ri­ne tab­şy­ryl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mak­sat­na­ma tem­mä­kä gar­şy gö­re­şil­me­gi­ne, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň wa­gyz edil­me­gi­ne, öm­rüň do­wam­ly­ly­gy­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na 2025-nji ýy­la çen­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­dan we tem­mä­ki önüm­le­ri­niň sarp edi­li­şi­ni çäk­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Türk­me­nis­tan tem­mä­kä gar­şy gö­reş bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­dä­ki or­ny eýe­le­mek bi­len, bu ba­bat­da beý­le­ki ýurt­la­ra gö­rel­de bol­ýar hem-de Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan bu Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa go­şul­mak bi­len çäk­len­men, eý­sem bu hal­ka­ra res­mi­na­ma­sy­nyň iş­le­ni­lip taý­ýar­lan­ma­gy­na iň bir iş­jeň gat­na­şan ýurt­la­ryň bi­ri bol­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan tem­mä­ki çek­mä­ge gar­şy gö­reş­mek­de öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Ýurt­da BSGG Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň iň pes de­re­je­si – ila­tyň 8,3 göterimi ha­sa­ba alyn­dy. Ýurt­da bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­rde Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň iki sa­par sy­lag­lan­ma­gy (2014-2015-nji ýyl­lar­da) – tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mä­ge go­şan ägirt uly şah­sy go­şan­dy üçin ýö­ri­te sy­la­gyň gow­şu­ryl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra yk­rar­na­ma­sy­na eýe bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.