17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda birnäçe esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmek boýunça ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyny goşmak bilen, esasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.
Bu ulgamlarda biziň ýurtlarymyz bilelikde işlemegiň uly tejribesini topladylar.
Medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy hem nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna Medeniýet günleriniň hem-de beýleki çäreleriň özara geçirilmegi gönüden-göni hyzmat edýär. Ählumumy howpsuzlygyň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegini iki tarapyň maksat edinýändigi nazara alnyp, özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça goňşy ýurtlaryň mundan beýläk-de özara hereket etmeginiň ugurlary söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Eýranyň wekiliýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif baştutanlyk etdi.
Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.