20-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen yglan eden bäsleşigine hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşigine medeniýetiň dürli ulgamlarynyň wekilleriniň köpüsi gatnaşýar.
Behişdi bedewler bu serginiň esasy gahrymanlarydyr. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň wekilleri, neşirýat işiniň hünärmenleri, fotosuratçylar, teležurnalistler we beýlekiler bar. Tejribäniň görkezişi ýaly, ganatly bedewleriň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça bäsleşik sungatyň dürli ugurlarynyň ussatlarynyň işjeňligini we mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Sergi zalynda guralan sergide dürli žanrdaky işleriň ýüzlerçesi ýaýbaňlandyryldy. “Bedewleriň patyşalygynyň” özboluşly çeperçilik beýany bu ýere gelýänlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Sergide bedewler dürli görnüşlerde şekillendirilipdir. Olaryň şekilini tebigatyň ajaýyp gözelliginde, at çapyşyklarynyň tolgundyryjy pursatlarynda, oba durmuşynyň sahnajyklarynda, halk dessurlarynyň berjaý edilýän mahalynda, baýramçylyk dabaralarynda görmek bolýar.
Bäsleşige meşhur ussatlar bilen birlikde, döredijilige indi gadam basýan awtorlar hem gatnaşdylar. Bäsleşikde baýrakly orunlary eýelänleri sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň barşynda bolar.