Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 13-nji mejlisi Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirildi. Ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen ýokary derejeli mejliste dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden döwlet we hökümet baştutanlary, ministrler we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.
Aprel aýynyň 14-15-i aralygynda geçirilen mejlisiň barşynda gurama agza döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramanyň ýokary derejedäki mejlisiniň Türkiýede geçirilmegi bilen oňa döwürleýin başlyklyk etmek bu ýurduň hökümetine berildi.
Şeýle hem aprel aýynyň 12-13-i aralygynda Stambulda gurama agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, ilki bilen, 1969-njy ýylda Yslam Konferensiýasy Guramasy ady bilen döredildi. Onuň ady 2011-nji ýylyň iýun aýynda Astana şäherinde geçirilen gurama gaza döwletleriň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy diýlip üýtgedildi. Gurama 57 döwlet agzadyr.