Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy ha­sap­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň sar­pa­sy be­lent tu­tul­ýar. Her ýy­lyň ap­rel aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de gö­zel­lik­de hem-de ýyn­dam­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň şa­ny­na tu­tul­ýan Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry giň ge­ri­me eýe bol­ýar.
Dün­ýä­de iň ýyn­dam we gö­zel at­lar hök­mün­de uly şan-şöh­ra­ta eýe bo­lan türk­men be­dew­le­ri Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de äh­li toý­-baý­ram­la­ry­my­zyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da giň­den toý­lan­ýan Türk­men be­de­wi­niň baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň mak­sat­na­ma­sy­nyň ha­ta­ryn­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mej­li­si­niň, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň, “Türk­men be­de­wi we dün­ýä­niň se­ýis­çi­lik sun­ga­ty” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty­nyň, uzak ara­ly­ga at­ly–ma­ra­fon we beý­le­ki at­çy­lyk spor­tu­na de­giş­li ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi da­ba­ra­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Bu baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne dün­ýä­niň köp san­ly ýur­dun­dan myh­man­la­ryň gat­naş­ma­gy örän gu­wan­dy­ry­jy, buý­san­dy­ry­jy ha­dy­sa­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de öz göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan aras­sa to­hum­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni we däp­-des­sur­la­ry­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek, tä­ze ma­ny­maz­mun bi­len baý­laş­dyr­mak we ös­dür­mek, ýaş­la­ry at­çy­lyk spor­ty bi­len meş­gul­lan­ma­ga iş­jeň çek­mek, şeý­le hem be­dew­le­ri­mi­zi bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu iş­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çäk­siz ta­gal­la­la­ry ýa­tyr.
Türk­men aty, ha­ly­sy, du­ta­ry, ak bug­da­ýy, şaý-sep­le­ri, ala­baý iti – bu­la­ryň äh­li­si-de hal­ky­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry­dyr, adam­za­dyň mad­dy me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan ägirt uly go­şan­dy­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň, şol san­da be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň sar­pa­sy be­lent tu­tul­ýar. Şu ýyl­ky be­dew baý­ra­my gün­le­rin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky VII mej­li­sin­de Hal­ka­ra at­çy­lyk sport fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FEI) baş­tu­ta­ny In­g­mar De Wos hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Türk­me­nis­tan­da at­çy­lyk sport pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge go­şan ägirt uly go­şan­dy üçin Hal­ka­ra at­çy­lyk sport fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ku­bo­gy­ny we me­da­ly­ny, Hal­ka­ra epi­zo­tik býu­ro­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Se­bit­le­ýin di­rek­to­ry Ka­zi­mi­ras Lu­ka­us­kas bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň at ke­se­lin­den azat zo­lak de­re­je­si­ne eýe bo­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan ser­ti­fi­ka­ty gow­şur­ma­gy mer­da­na hal­ky­myz­da çäk­siz buý­sanç dö­ret­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de bi­ti­ren iş­le­ri sa­nar­dan kän, olar ha­kyn­da söz aç­mak he­mi­şe-de ýa­kym­ly­dyr.
Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­li­ge ýe­ti­ren türk­me­niň se­ýis­çi­lik mek­de­bin­de at­la­ryň dö­reý­şi, ba­ky­ly­şy, ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­li­şi, gy­lyk-­hä­si­ýet­le­ri, ýa­şy­na gö­rä se­ýis­le­ni­şi, ýö­re­ýiş gör­nüş­le­ri, at ke­sel­le­ri­niň be­je­ri­li­şi­niň usul­la­ry, be­je­riş­de ula­ny­lan der­man­lar­dyr em­le­riň at­la­ry, taý­ýar­la­ny­şy we at­çy­ly­gyň beý­le­ki in­çe til­sim­le­ri ýa­ly mow­zuk­la­ryň äh­li­si jem­le­nen­dir. Se­ýis­çi­lik kä­ri ir­gin­siz zäh­me­ti, ala­da­ny, syn­çy­ly­gy, duý­gur­ly­gy, ýi­ti ze­hi­ni we in­çe­li­gi ta­lap ed­ýär. Ata-­ba­ba­la­ry­myz “Aty at ed­ýän­çä, eýe­si it bo­lar” di­ýip, ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar.
Ha­ly­pa­-şä­girt ýo­lu­nyň hem­-de aras­sa ahal­te­ke to­hu­my­nyň has­-da kä­mil gör­nüş­de hä­zir­ki gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­gin­de uly yh­las eden, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy Ber­di­mu­ha­met aga­nyň do­ga­ny, bel­li at­şy­nas, se­ýis Aba An­na­ýe­wiň uly go­şan­dy­nyň bo­lan­dy­gy ha­kyn­da en­çe­me ta­ry­hy mag­lu­mat­lar bar.
Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ýi­ti ga­la­my­nyň as­tyn­dan çy­kan “Döw­let gu­şy” ro­ma­nyn­da mäh­ri­ban ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň hem ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ren­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Bu bol­sa, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze söý­gü­si­ni öz ata-ba­ba­la­ryn­dan alyp gaýd­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu ha­ly­pa­-şä­girt­lik ýo­lu­ny Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň özi hem kem­siz do­wam et­dir­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň öz ag­ty­gy Ke­rim­gu­la ata­-ba­ba­la­ryn­dan mi­ras ga­lan at ça­py­lyş usul­la­ry­nyň in­çe til­sim­le­ri­ni ýö­ri­te öw­red­ýän­di­gi­ni gö­re­niň­de, anyk göz ýe­tir­mek bol­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň özü­niň hem as­ly be­hiş­di bo­lan, ýel­den ýüw­rük ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne us­sat­lyk bi­len erk et­me­gi ba­şar­ma­gy, ola­ra goý­ýan sar­pa­sy­nyň we söý­gü­si­niň çäk­siz­di­gi­ni gör­kez­ýär.
At was­py türk­me­niň äh­li dö­wür­le­rin­de-de öz be­ýa­ny­ny ta­pyp­dyr. Te­bi­gy gö­zel­li­gi, owa­dan­ly­gy özü­ne siň­di­rip bi­len be­dew­le­ri­mi­ziň aja­ýyp türk­men top­ra­gyn­da ösüp ýe­tiş­me­gin­de, müň öwüş­gin­li türk­men te­bi­ga­ty­nyň gu­ja­gyn­da ke­mal tap­ma­gyn­da uly ma­ny bar.
Türk­me­niň tyl­la gü­neş­li säh­ra­sy, ja­na şy­paly mah­mal ho­wa­sy, dür­li ösüm­lik­le­riň mel­hem­lik güý­ji, dur­na­göz çeş­me su­wy be­dew­le­ri­mi­ziň keş­bi­niň zy­nat­lan­ma­gy­na ge­ti­rip­dir.
Ata-ba­ba­la­ry­myz be­hiş­di be­dew­le­re bo­lan söý­gü­si­ni, hor­ma­ty­ny aja­ýyp na­kyl­la­ryň üs­ti bi­len be­ýan edip­dir­ler. “At ady bi­len, ýi­git ody bi­len”, “At aýa­gy git­gir, ozan di­li öt­gür”, “At dos­ty – ata dos­ty”, “At – ýi­gi­diň di­re­gi, ha­ly – gy­zyň ýü­re­gi”, “At­ly­nyň­ky – alyn­da, dü­ýe­liň­ki – tö­rün­de” ýa­ly on­lar­ça pa­ra­sat­ly pä­him­ler söz mi­ra­sy­my­zyň dür­dä­ne­le­ri­dir. Bu dür­dä­ne pä­him­le­riň ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň aňyn­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za bo­lan syn­maz söý­gi­niň ke­mal tap­ma­gyn­da diý­seň uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr.
Eziz Di­ýa­ry­myz dal be­dew­le­ri bi­len dün­ýä­niň ün­sü­ni has-da özü­ne çek­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­za döw­let sa­pa­ry bi­len gel­ýän be­lent mer­te­be­li myh­man­lar at­ly ýi­git­le­riň ha­ta­ry bi­len gar­şy­lan­ýar. Myh­man­lar ýur­du­myz­da bol­ma­gy­nyň çä­gin­de ahal­te­ke at­çy­lyk top­lum­la­ryn­da bo­lup gör­me­gi uly de­re­je bil­ýär­ler. Ýur­du­myz­da at­la­ry­my­za ba­gyş­la­nyp, yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän gö­zel­lik bäs­le­şik­le­ri-de, hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry-da mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­dew at­la­ry­my­za go­ýýan uly sar­pa­syn­dan ny­şan­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 2010-njy ýy­lyň aw­gust aýyn­da ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy esas­lan­dy­ryl­dy we Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­miz şol as­so­sia­si­ýa­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne saý­lan­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň we­la­ýat mer­kez­le­rin­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän at­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi-de, ha­ly­pa at­şy­nas­la­ra hor­mat­ly at­la­ryň da­kyl­ýan­ly­gy-da döw­le­ti­miz­de at­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Türk­me­niň be­dew aty­na bo­lan uly söý­gü­si­ni, çäk­siz yh­la­sy­ny biz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hut özün­de gör­ýä­ris. “Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Ga­nat­ly be­dew­ler”, “Ga­da­my bat­ly be­dew” ýa­ly ki­tap­la­ry öz hal­ky­na sow­gat be­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze il-hal­ky­my­zyň ho­şal­ly­gy çäk­siz­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mek ba­bat­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýär. At mün­mek, at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mek — sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň gi­re­wi bo­lup, ýaş­lar­da ça­la­syn­ly­gy, do­gum­ly­ly­gy, eder­men­li­gi ter­bi­ýe­le­mek­de äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. At­çy­lyk spor­tu­nyň ös­me­gi, kä­mil­leş­me­gi ýaş­lar­da ter­bi­ýä­niň be­den, ah­lak, zäh­met, akyl, es­te­ti­ki ter­bi­ýe ýa­ly gör­nüş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge uly ýar­dam ber­ýär.
Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da ýur­du­myz­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy­nyň mak­sat­na­ma­sy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tek­li­bi bo­ýun­ça at­la­ryň päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi­niň gi­ri­zil­me­gi ýur­du­myz­da at­ly spor­ty ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy di­kelt­mek­de alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­ne hal­ky­myz çäk­siz al­kyş aýd­ýar. Ýur­du­myz­da “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen asylly ýö­rel­gä­niň esa­syn­da bi­ti­ril­ýän iş­ler bi­ziň her bi­ri­mi­zi gu­wan­dyr­ýar, buý­san­dyr­ýar. Bu iş­ler ber­ka­rar ýur­du­my­zyň be­dew ba­dy­na bat goş­ýar.
Şeý­le döw­let­li iş­le­riň sa­ka­syn­da du­ran Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! Il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri mun­dan beý­läk hem uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!