Paý­tag­ty­myz­da no­bat­da­ky hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy hem-de “Türk­men be­de­wi we dün­ýä­niň se­ýis­çi­lik sun­ga­ty” at­ly IX hal­ka­ra yl­my mas­la­haty ge­çi­ril­di. Olar ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my my­na­sy­bet­li giň ge­rim­li çä­re­le­riň çäk­le­rin­de gu­ral­dy.
Da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň ýüz­ler­çe­si – Ýew­ro­pa we Azi­ýa ýurt­la­ryn­dan, De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan, Awst­ra­li­ýa­dan dün­ýä­niň at­çy­lyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy ha­sap­lan­ýan aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin paý­tag­ty­my­za gel­di­ler.
Ser­gä dün­ýä döw­let­le­ri­niň 27-sin­den öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň we şe­re­ket­le­riň 80-e go­la­ýy­nyň gat­naş­ma­gy Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň hem-de “Türk­men at­la­ry” döw­let bir­le­şi­gi­niň bi­le­lik­de her ýyl ge­çir­ýän pu­dak­la­ýyn fo­rum­la­ry­nyň ýo­ka­ry ab­ra­ýy­ny tas­syk­la­ýar.
Giň ge­rim­li ser­gi Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi­ler za­ly­nyň meý­dan­ça­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­l­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ser­gä we mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­lag ha­ty da­ba­ra­ly ýag­daý­da okal­dy. On­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, müň­ler­çe ýyl­lyk şöh­rat­ly ta­ry­hy bo­lan türk­men hal­ky­nyň nepis ha­ly­sy, şaý-sep­le­ri ýa­ly ýel­den ýüw­rük be­dew aty hem mil­li baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ahal­te­ke be­dew­le­ri hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr we asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren gym­mat­lyk­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy­dyr.
Ser­gi­niň çäk­le­rin­de açyk as­ma­nyň as­tyn­da gur­a­lan sah­na­da “Gal­ky­nyş” milli at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ez­ber ça­pyk­su­war­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de uly tä­sir gal­dyr­ýan çy­kyş­lar hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy.
Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurtly alym­la­ryň, at­şy­nas­la­ryň, ta­ryh­çy­la­ryň, et­nog­raf­la­ryň we beý­le­ki hü­när­men­le­riň 100-den gow­ra­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da “Türk­men be­de­wi we dün­ýä­niň se­ýis­çi­lik sun­ga­ty” at­ly IX hal­ka­ra yl­my mas­la­haty ge­çi­ril­di.