Atlaryň uly gözleri we dihromatik görşi, gijelerine adam ýaly reňkleri saýgarmaga kömek etmeýän eken. Atlaryň reňkli görüş ukyby diňe Aýyň ýagtysynyň derejesine çenli saklanýar. Atlarda dihromatik görüş bar. Bu bolsa, onuň setçatkasynda adamda üçüsi bolan reňkli fotoreseptoryň – ýagny konusyň iki görnüşiniň bardygyny aňladýar. Ýagny atlar gündizine reňkleri saýgarýarlar, ýöne edil adam ýaly däl. Başgaça aýdanyňda, adatça, dihromatik görüşde ýaşylyň we gyzylyň öwüşginini, şeýle hem bu reňkleriň garyndysyny görüp, gök reňki asla görmeýärler.
Şeýlelikde, atlaryň reňkli görşüni aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň we Oba hojalyk ylymlary uniwersitetiniň hünärmenleri atlarda synag geçirdiler. Netijede, biologlar käbir atlaryň Aýyň ýagtysynda käbir reňkleri saýgarmaga ukyplydygyna göz ýetirdiler. Ýöne atlar reňkli görüş boýunça adamdan onçakly tapawutlanmaýan eken. Atlaryň uly gözleri alagaraňkyda görmek üçin ýaramlydyr. Alagaraňkyda özüne tarap eňip gelýän ýyrtyjyny görmek ukyby reňki saýgarmakdan has wajyp bolanlygy üçin, atlar gijesine gara-ak reňkli görşe eýe eken.