2015-nji ýylda tutuş dünýä boýunça suwuklandyrylan gazyň söwdasy 2,5 göterim artyp, 245,2 million tonna barabar boldy. Bu barada suwuklandyrylan gazy import edýän halkara topar habar berdi.
Hasabat döwründe Ýewropa ýurtlaryna ýerlenen suwuklandyrylan gazyň möçberi 16 göterim artyp, 83,15 million tonna golaýlady. Şeýle hem degişli döwürde Ýakyn Gündogar ýurtlaryna iberilen mukdar hem köpeldi.
– Umuman, häzirki wagtda dünýä bazarynda energiýa serişdeleriniň bahasy birneme pese gaçýar. Bu döwürde suwuklandyrylan gaz senagatynyň eksport mümkinçilikleri artýar – diýip, suwuklandyrylan gazy import edýän halkara toparyň ýolbaşçysy Domeniko Dispenza gürrüň berdi.
Katar döwleti suwuklandyrylan gazyň eksportunda dünýäde birinji orunda durýar. 2015-nji ýylda bu döwlet suwuklandyrylan gazyň tutuş dünýä boýunça eksport möçberiniň 32 göterimine eýe boldy. Ýöne geljekde ABŞ-nyň bu babatda Katara bäsdeş bolup biljekdigi çaklanylýar. Häzirki wagtda bu ugurda ikinji orunda Awstraliýa durýar. Ol hem Malaýziýadan ozdurmagy başardy.
2015-nji ýylda diňe iki ýurtda suwuklandyrylan gaz öndürýän zawod ulanmaga berildi. Olaryň biri Indoneziýada, beýlekisi bolsa Awstraliýada guruldy.
2015-nji ýylda Hytaý suwuklandyrylan gaz satyn alan ýurtlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär. Olaryň satyn alan mukdary 5,5 göterim artdy. Aziýa sebitiniň iň köp suwuklandyrylan gaz satyn alýan ýurtlary – Ýaponiýa bilen Günorta Koreýa bu önümiň importuny degişli döwürde 4,7 we 11,2 göterim azaldyp, degişlilikde 85 million tonna we 33,4 million tonna çenli ýetirdiler. Muňa garamazdan, Aziýa sebiti suwuklandyrylan gazy import etmekde birinji orunda durýar. Bu sebit umumy importuň 72 göterimini eýeleýär.
Geçen ýyl gysga wagtlyk şertnama esasynda 68,4 million tonna suwuklandyrylan gaz satyldy. Argentina bilen Braziliýa gysga wagtlyk şertnama esasynda suwuklandyrylan gaz satyn alýan esasy döwletlerdir.
Mundan başga-da 2015-nji ýylda 7 sany täze suwuklandyrylan gaz terminaly guruldy. Olaryň 2-si Ýaponiýada, 2-si Müsürde, Indoneziýada, Iordaniýada we Pakistanda 1 sany terminal ulanmaga berildi.