Italiýanyň Premýer-ministri Matteo Renzi Eýranda saparda boldy. Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhany öz myhmanyny Sadaabat köşgünde dabaraly ýagdaýda garşy aldy. Italiýanyň hökümet baştutany Matteo Renzi uly wekilçilikli topar bilen bu ýurtda gepleşikler geçirdi. Onuň ýolbaşçylyk edýän wekilçilikli toparynyň arasynda 250-ä golaý syýasy we işewür pudagynyň wekilleri bar.
Ýokary derejede geçirilen eýran-italýan gepleşikleriniň barşynda özara bähbitli gatnaşyklaryň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde 7 ylalaşyga gol çekildi. Taraplaryň arasynda syýahatçylyk we medeniýet, senagat we demir ýol ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyklar gazanyldy.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani şu ýylyň ýanwar aýynda Italiýada saparda bolupdy. Şol saparyň çäklerinde umumy bahasy 17 milliard ýewro barabar 17 ylalaşyga gol çekilipdi.