Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheri dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylary kabul edýär. 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde 4,57 million daşary ýurtly jahankeşde şäherde dynç aldy. Şähere üstümizdäki ýylyň ýanwar-mart aýlarynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda Hindistan, Saud Arabystany, Hytaý we Russiýa ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär.
2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Hindistandan 580 müň, Saud Arabystanyndan 440 müň, Hytaýdan 230 müň, Russiýadan 126 müňden gowrak syýahatçy Dubaýda dynç aldy.
Şeýlelikde, Dubaý şäherinde degişli hasabat döwründe dynç alan syýahatçylaryň sany 4,57 milliona barabar bolup, bu görkeziji 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 11 göterim köpdür.