Ýy­lyň toýunsow meý­dan­ça­da­ky il­kin­ji iri bäs­le­şi­gi bo­lan “Mon­te Kar­lo Mas­ters” ten­nis ýa­ry­şyn­da is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­dal çem­pi­on boldy. Ol fi­nal­da wa­tan­da­şy Al­bert Ra­mo­sy 2 se­tiň do­wa­myn­da 6:1 we 6:3 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu ýe­ňiş 4-nji orun­da­ky Na­da­lyň ge­çen ýyl­ky “Bar­se­lo­na Açyk” ýa­ry­şyn­dan soň, ga­za­nan il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy bol­dy. Şeý­le­lik­de, Ra­fa­el Na­dal kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 70-nji ATP çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Go­laý­da baş­lan­jak “Ro­lan Gar­ros” “Uly tu­wul­ga­sy” üçin taý­ýar­lyk hök­mün­de gö­rül­ýän “Mon­te Kar­lo Mas­ters” ýa­ry­şyn­da Na­dal 10-njy ge­zek çem­pi­on bol­dy. “Ro­lan Gar­ros­da-da” 10-njy çem­pi­on­ly­gy­na ym­tyl­ýan is­pa­ni­ýa­ly ten­nis­çi bäsleşigiň esa­sy fa­wo­ri­ti ha­sap­lan­ýar.