Ýewropa basketbolynyň iň uly klub ýaryşy Ýewroligada “Final Four”-a çykan 2 topar belli boldy. Ispan topary “Baskoniýany” 3-nji duşuşykda-da ýeňen (90–88) soňky çempion Moskwanyň SSKA-sy umumy hasapda 3–0 öňe saýlandy we bassyr 6-njy gezek “Final Four”-yň petegini gazandy. Şeýle-de Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary-da grekleriň güýçli wekili “Panatinaikosy” öz meýdançasynda 79–61 hasabynda ýeňip, Stambulda geçiriljek “Final Four”-da çykyş etmäge hukuk gazandy. Umumy hasapda 3–0 öňe çykan “Fenerbahçe” yzly-yzyna 3-nji gezek “Final Four”-a gatnaşar. Iň gowy 4-ligiň hataryna goşulmak üçin “Anadolu Efes” bilen “Real Madrid” toparlary garşydaşlaryna garanyňda, bir ädim öňde barýar. “Final Four” oýunlary 19–21-nji maý aralygynda Stambulda geçiriler.