Ge­le­je­giň ýyl­dyz­la­ry­nyň bäs­le­şi­gi ýa-da Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky gör­nü­şi UEFA Ýaş­lar li­ga­syn­da Awst­ri­ýa­nyň “Red Bull Sals­burg” to­pa­ry çem­pi­on bol­dy. Olar fi­nal­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Ben­fi­ka­syn­dan” 2–1 hasabynda üs­tün çyk­dy. Oý­nuň 29-njy mi­nu­tyn­da Ho­ze Go­mes por­tu­gal to­pa­ry­ny öňe saý­la­dy. 2-nji ýa­rym­da er­jel çy­kyş eden “Sals­bur­ga” ku­bok ga­zan­dy­ran gol­la­ry oý­na soň­dan go­şu­lan Pet­son (72) bi­len Şmidt (76) der­we­zä gi­riz­di. Ýeň­liş­siz çem­pi­on bo­lan “Sals­burg” ýa­rym fi­nal­da “Bar­se­lo­na­ny” 2–1 hasabynda utup­dy. 2-nji ge­zek fi­nal­da utu­lan “Ben­fi­ka” we­lin, ½ fi­nal­da “Re­al Mad­ri­di” ýe­ňip­di (4–2).
UEFA ta­ra­pyn­dan 4-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da mun­dan ozal “Bar­se­lo­na” (2014) we “Çel­si” (2015, 2016) klub­la­ry çem­pi­on bo­lup­dy. Bäs­le­şi­ge Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­naş­ýan 32 klu­buň ýaş­lar to­pa­ry bi­len bir ha­tar­da, ýer­li çem­pio­nat­lar­da ýe­ňi­ji bo­lan 32 sa­ny ýaş­lar to­pa­ry je­mi, 64 to­par gat­naş­ýar. Ýa­ry­şyň fi­nal oý­ny UEFA-nyň mer­ke­zi eda­ra bi­na­sy­nyň ýer­leş­ýän Ni­on şä­he­rin­dä­ki “Ko­low­reý” sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar.