Şot­lan­di­ýa­nyň Aber­din şä­he­ri­niň “Banks O’Di” toparynyň ýaşlarynyň tür­gen­le­şikde ulan­ýan top­la­ry­nyň bi­ri tür­gen­le­şik meý­dan­ça­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky der­ýa gaç­dy. Bu wa­ka­dan en­çe­me gün ge­çen­soň, “Banks O’Di” to­pa­ry­nyň in­ter­net poç­ta sal­gy­sy­na hat ge­lip go­wuş­dy. Ol elekt­ron poç­ta­ny nor­we­gi­ýa­ly Jo­ni Mi­kal­sen ug­ra­dyp­dyr. Onuň ibe­ren ha­tyn­da: – Sa­lam, me­ge­rem, si­ziň to­pa­ry­ňyz­da to­py ju­da bat­ly de­pip bil­ýän bir oýun­çy bar öýd­ýän – diý­lipdir. Jo­ni Mi­kal­sen hat bi­len bi­le­lik­de, akyp ba­ran şol to­puň su­ra­ty­ny hem ug­radypdyr. To­puň üs­tün­de hä­zir­ki wagt­da so­lag­rak hem bol­sa gö­rün­ýän klu­buň ady­nyň ýaz­gy­sy bar eken. Pök­gi Şot­lan­di­ýa­nyň Aber­din şä­he­rin­den Nor­we­gi­ýa­nyň Wan­na ada­sy­na çen­li akyp gelipdir. Aber­din bi­len Wan­na ada­sy­nyň ara­sy 1800 ki­lo­met­re deň­dir.