Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Ok­lend şä­he­rin­de do­wam ed­ýän Bü­tin­dün­ýä we­te­ran­lar oý­ny sport şü­we­le­ňin­de öz­bo­luş­ly wa­ka bo­l­dy. 100 metr ara­ly­ga yl­ga­mak­da hin­dis­tan­ly Man Ka­ur al­tyn me­dal ga­zan­dy. Ýaşuly türgen 100 ýaş­dan ýo­ka­ry diý­len ugur­da ýe­ke özi ýa­ry­şa gat­na­şyp, ol 100 metr ara­ly­gy 1 mi­nut 14 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Ýe­ňil at­le­ti­ka mun­dan 8 ýyl ozal, ýag­ny 93 ýa­şyn­da baş­lan Man Ka­ur öz dö­wür­deş­le­ri­niň ara­syn­da kar­ýe­ra­syn­da­ky 17-nji al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy. 101 ýa­şyn­da­ky tür­gen 30-njy ap­rel­de ta­mam­lan­jak Bü­tin­dün­ýä we­te­ran­lar oý­nun­da naý­za hem-de gül­le zyň­mak ýa­ryş­la­ry­na-da gat­na­şar. Bü­tin­dün­ýä we­te­ran­lar oý­ny 1985-nji ýyl­dan bä­ri her 4 ýyl­dan bir ge­zek geçirilýär. Oňa ýaşy 35-­den ýo­ka­ry bolan tür­gen­ler gat­naş­ýar.