Fransiýanyň kubogy ýaryşynyň finalçylary belli bolup, PSŽ bilen “Anže” toparlary güýç synanyşarlar. 1-nji aprelde Liga kubogynyň finalynda “Monakony” 4–0 hasabynda utup, kubogy bassyr 3-nji ýola gazanypdy. Bu sapar Fransiýanyň kubogy ýaryşynyň ýarym finalynda ýene-de “Monakodan”, onda-da 5–0 hasabynda üstün çykdy. Parižlilere ýeňiş getiren gollary Draksler (26), Kawani (31), Mbae (50 ö.d.), Matuidi (52) hem-de Markinios (90) derwezä girizdi. “Anže” topary-da ýarym finalda “Gengamy” Mangani (38) we Toko Ekambiniň (90+2) gollary bilen 2–0 hasabynda utdy. Bassyr 3-nji, umumylykda 11-nji kubogyna ymtylýan PSŽ bilen ilkinji gezek finala çykan “Anženiň” arasyndaky duşuşyk 27-nji maýda Sen-Denide oýnalar.