Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her ýylyň 9-njy maýynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň baýramyny uly dabara bilen belläp geçýäris. Merdana halkymyz bu taryhy Ýeňişde ägirt uly goşandynyň bardygyny çuňňur kanagatlanma bilen ýatlaýar. Çünki taryhy döwürlerde ata-babalarymyzyň Ýeňiş üçin söweşlerde görkezen gahrymançylygy hakyky mertligiň nusgalyk mekdebidir.
Watan mukaddesligini belende götermek, mukaddes topragy gözüň göreji deý goramak, onuň rowaçlygy üçin ak ýürekden yhlasly we döredijilikli halal zähmet çekmek her bir raýat üçin uly mertebedir, egsilmez bagtdyr.
Ýeňiş güni mynasybetli guralýan dabaralar ýyl-ýyldan has çuň mana eýe bolýar. Bu sene nesilleri we halklary, häzirki döwürde ýetilen sepgitleri, mähriban topragymyzy, onuň parahatçylygyny we asudalygyny, nesilleriň ýakyn we geljekki durmuşyny goramak üçin fronta giden türkmen esgerleriniň edermenligini berk baglanyşdyrýar. Bu nurana baýramçylyk hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.
Biziň gadymy köklerimiz we pederlerimizden galan mirasymyz täze taryhy eýýamda ygtybarly binýat bolup durýar we ýurdumyz onda özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Iň gandöküşikli söweşlere gatnaşan milli gahrymanlarymyzy hatyralamak, olaryň görkezen edermenliklerine sarpa goýmak türkmen jemgyýetiniň asylly ýörelgeleriniň biri bolup durýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda we beýleki Watan ugrundaky gazaply söweşlerde wepat bolanlaryň hormatyna gurlan “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýadygärlikleri türkmen topragynyň gaýduwsyz ogullarynyň hatyrasyna dikeldilen halk hakydasynyň synmaz binalarydyr.
Şeýle hem 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyrylyp, olaryň barşynda uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.
Türkmen esgerleri ady rowaýata öwrülen Brest galasynyň, Moskwanyň, Kiýewiň, Smolenskiniň, Leningradyň, Stalingradyň… eteklerinde mertlerçe söweşdiler. 1941–1945-nji ýyllaryň urşunyň ähli söweşlerinde watandaşlarymyz gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhammet Annaýewiň bardygyny, onuň durmuş ýolunyň häzirki ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň we edermenligiň beýik mekdebine öwrülendigini bellemeli.
Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran edermen hem-de gaýduwsyz pederlerimiziň şöhraty halkyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Milli gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplarynda ebedileşdirildi.
Şol gazaply uruş gutaraly bäri 70 ýyldan gowrak wagt geçenem bolsa, türkmen halky edermen pederleriniň gahrymançylygyny kalbynda saklaýar. Söweşlerde wepat bolanlaryň, tylda zähmet çeken eneleriň, atalaryň, uýalaryň, zenanlaryň we çagalaryň durmuş ýoly ýaş nesilleri halkyň milli gymmatlyklaryna, edermenligine, gaýduwsyzlygyna, Watana we öz halkyna çuňňur hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň mukaddes nusgasy bolup hyzmat edýär. Watandaşlarymyzyň zähmet ýeňişleri halkymyzyň Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bagtyýar durmuşynyň kepiline öwrüldi.
Ýurdumyzda 1941–1945-nji ýyllaryň uruş weteranlary döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşaldy. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy däpleriniň asylly ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda frontçylar, tylda zähmet çekenler we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary üçin köp sanly ýeňillikler, olaryň mynasyp durmuşy ugrunda oňyn mümkinçilikler döredildi.
Uruş we zähmet weteranlary Watana birkemsiz gulluk etmegiň nusgasy bolmak bilen, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, agzybirligiň berkidilmeginde, ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk we ýokary ahlak esasda terbiýelenmegine mynasyp goşant goşýarlar. Türkmen halkynyň merdana ogullaryna baky şöhrat bolsun! Türkmen halky türkmenistanly esgerleriň rehimsiz basybalyjylaryň garşysyna söweşlerde görkezen edermenligini, gahrymançylygyny hemişe hakydasynda saklaýar.