Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň – Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Bu ýurtlaryň Daşary işler ministrleri mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Mejlisiň barşynda sebitde we dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek maksadynda tagallalary birleşdirmek bilen bagly meseleler gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar degişli ugurlarda maslahatlaşmalary we gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini belläp, häzirki döwrüň terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly jenaýat ýaly howplaryna we wehimlerine garşy durmak işinde hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar.
Duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň söwda-ykdysady, maýa goýum we işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ileri tutulýan pudaklaryň käbirinde, hususan-da, oba hojalygynda anyk taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Şunuň bilen birlikde, Hyzmatdaşlyga gatnaşýan ýurtlaryň energetika we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýalar babatda halkara gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýandygy bellenildi. Ulag-logistik düzümi babatda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ekologiýa we daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemesi, tebigy heläkçilikleriň öňüni almak baradaky meselelere üns bermek bilen bu ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etmek barada bir pikire geldiler.
Döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmegiň aýrylmaz şerti bolan ynsanperwer-medeni alyşmalary höweslendirmegiň we giňeltmegiň ähmiýetini bellemek bilen, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugry Hyzmatdaşlygyň täze esasy hökmünde girizmek baradaky teklibini goldadylar, şeýle hem bu ugurda taraplaryň gören çärelerine we beýleki işlere ýokary baha berdiler.
Taraplar halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde geljekde hem ýadro ýaragsyzlanmagy, atom energiýasyny parahatçylykly peýdalanmak babatda özara gatnaşyklary has-da ilerletmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şunda birnäçe möhüm Şertnamalar – ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda, ýadro synaglaryny gadagan etmek hakynda, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda şertnamalar bar.
“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy mejlisiniň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi, şeýle hem “Ulag we logistika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyň ýol kartasy” kabul edildi. Daşary işler ministrleriniň nobatdaky, 7-nji mejlisi geljek ýyl Täjigistan Respublikasynda geçiriler. Ol 2017-2018-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň başlygynyň wezipesine girişdi.