Paý­tag­ty­myz­da Pa­les­ti­na Döw­le­ti­niň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ geçirildi. Çä­rä­ni Pa­les­ti­na­nyň Aş­ga­bat­da­ky il­çi­ha­na­sy we ýur­du­my­zyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi gu­ra­dy­lar.

Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ge­çi­ril­di. Bu ýe­re şu wa­ka my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hem-de onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­la­ryň, giň jem­gy­ýet­çi­li­giň, Aş­ga­bat­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, dö­re­di­ji­lik, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp­la­ry ýyg­nan­dy­lar. Myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da türk­men-pa­les­tin işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Pa­les­ti­na­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­ki­li­ýe­ti bar.
Da­ba­ra­ly çä­re­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň we Pa­les­ti­na­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan şu me­de­ni çä­re iki ýur­duň dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry­ny, öza­ra dü­şü­niş­me­gi­ni we ynam­ly gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Do­ly yg­ty­ýar­ly we­kil Pa­les­ti­na­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň türk­men hal­ky­na şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ibe­ren mä­hir­li gut­lag­la­ry­ny we ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Çy­kyş eden­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, Aş­ga­bat­da Pa­les­ti­na­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­niň türk­men-pa­les­tin gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge, halk­la­ryň bi­ri-bi­ri­niň ta­ry­hy­na we me­de­ni­ýe­ti­ne öza­ra gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam eder.
Soň­ra Mu­kam­lar köş­gü­niň sah­na­syn­da dost­luk­ly ýur­duň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. Onuň mak­sat­na­ma­sy­ny nus­ga­wy saz­la­ry hem-de aja­ýyp halk aý­dym­la­ry­ny we saz­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän aý­dym-saz­ly to­par­la­ryň çy­kyş­la­ry düz­di. Mil­li aý­dym-saz däp­le­ri­ni ne­sil­den-nes­le ge­çir­ýän ar­tist­le­riň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­na şow­hun­ly el çar­pyl­dy.
Mu­kam­lar köş­gü­niň eý­wa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Pa­les­ti­na­nyň ama­ly-ha­şam hem-de şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty eser­le­ri­niň ser­gi­le­ri gu­ral­dy. Me­de­ni çä­rä­niň çäk­le­rin­de “Aş­ga­bat” ki­no­mer­ke­zin­de hä­zir­ki za­man pa­les­tin ki­no sun­ga­ty­nyň we­kil­le­ri­niň film­le­ri gör­ke­zil­di. Pa­les­ti­na döw­le­ti­niň Me­de­ni­ýet gün­le­ri 5-nji maý­da “Türk­me­nis­tan” ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de jem­len­di. Bu ýer­de iki dost­luk­ly ýur­duň ar­tist­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki kon­ser­ti hem-de çä­rä­niň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.