2-nji maýda Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň däp boýunça geçiren nobatdaky ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öý hojalyk harytlaryny öndürijileriň ýeten derejelerini, şeýle hem bu ugurdaky täze işläp taýýarlamalary we meýilleri görkezmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny özleşdiren onlarça kärhanalar netijeli işleýärler. 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda mebel we oňa degişli önümleriň dürli görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen hem-de içerki bazarda mynasyp bäsdeşlik edýän 18 hususy kärhanany özünde jemleýän mebel önümçiligi toplumy kemala geldi.
Sergide ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Mebel merkeziniň, “Aşgabat şäheriniň bazarlar birleşiginiň”, “Altyn Asyr” söwda merkeziniň täze önümleriniň giň görnüşleri, häzirki döwürde paýtagtymyzyň ilatyna we myhmanlaryna hödürlenýän harytlar görkezildi. Şeýle hem, bu gezekki sergide “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň polimerden öndüren köp görnüşli harytlary görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda dürli elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmek baradaky Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwlet-hususyýetçilik ugrundaky bilelikdäki düzümler döredilýär. Olaryň hatarynda gurnama gaz we elektrik plitalarynyň, elektrik peçleriniň, mikrotolkunly peçleriň we tozan sorujylaryň önümçiligini ýola goýan “Hojalyk harytlary” hojalyk jemgyýeti bar.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň çäklerinde tejribe alşylmagyny, häzirki döwürde gazanylan üstünlikler, täzeçil işläp taýýarlamalar bilen tanşylmagyny, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we ýurdumyzyň harytlarynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagyny şertlendirýän işewür duşuşyklar geçirildi. Sergi 4-nji maýda öz işini tamamlady.