1-nji maýda türkmen paýtagtynda temmäkä garşy göreş boýunça köpçülikleýin çäreleriň biraýlygy badalga aldy. Wagyz çäresine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan eýýäm temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy hereketiň köp ugurlary boýunça öňdäki orunda çykyş edýär hem-de Ýer ýüzünde temmäkiden azat zolaklary giňeltmek boýunça işleriň dowam etdirilmegine uly goşant goşýar. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz temmäki ulanylmagyna garşy işjeň göreş alyp barýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirildi. Hususan-da, 2000-nji ýylda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi, 2008-nji ýylda ýurdumyzda temmäki önümi bolan nasyň önümçiligini, ýerlenilmegini, peýdalanylmagyny we getirilmegini gadagan etmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany çykaryldy.
2011-nji ýylyň martynda milli parlament tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasy tassyklanyldy. Şol ýylyň özünde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde “2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy” işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň bilen bir wagtda, ýörite milli maksatnamalar, şol sanda “Saglyk” döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň “Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanyň şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek boýunça Milli maksatnama” we beýlekiler durmuşa geçirilýär.
Bu ulgamda ýurdumyzyň esasy gazananlarynyň hatarynda 2013-nji ýylda kabul edilen “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goramak hakynda” Kanun bar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleriniň birnäçe gezek belleýişleri ýaly, bu çäreleriň netijesinde Türkmenistanda geçirilen barlaglaryň netijeleriniň hem tassyklamagy boýunça soňky birnäçe ýylyň içinde ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň uly ýaşly nesliniň arasynda çilim çekmegiň ýaýramagynyň derejesi Ýewropa sebitinde iň pes derejede saklanýar.