Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň elekt­ro­ni­ka en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän iri kom­pa­ni­ýa­sy “Sam­sung Electro­nics”-iň gir­de­ji­si 2017-nji ýy­lyň 1-nji çär­ýe­gin­de ýo­kar­lan­dy. Bu gör­ke­zi­ji 8 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dür­ýän mik­roen­jam­la­ry­ müş­de­ri­ler ta­ra­pyn­dan has köp sa­tyn alyn­dy. Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy hem-de yk­jam te­le­fon­laryň önüm­çi­li­gin­de-de ösüş ga­za­nyl­dy.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bäs­deş­li­giň köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, kom­pa­ni­ýa­nyň yk­jam te­le­fon­la­ry­na is­leg bar­ha art­ýar. Ha­sa­bat döw­rün­de kom­pa­ni­ýa­nyň gym­mat­ba­ha­ly ka­gyz­la­ry­nyň ba­ha­sy 3 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, go­laý­da dün­ýä bel­li “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze ön­dü­ren “Sam­sung Ga­laxy S8” te­le­fo­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­di. Te­le­fo­nyň bu gör­nü­şi­niň 60 mil­lio­na go­la­ýy­ny sat­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.