Ýaponiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasynda erkin söwda ylalaşygyna gol çekiler. Bu barada Birleşen Patyşalygyň Premýer-ministri Tereza Meý bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe özara duşuşygynda ylalaşdylar. Mälim bolşy ýaly, golaýda ýapon hökümetiniň Başlygy Beýik Britaniýada saparda boldy.
Premýer-ministr Tereza Meý taraplaryň erkin söwda düzgünleri esasynda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi. Şeýle hem ol Beýik Britaniýanyň söwda we maýa goýum üçin iň amatly ýurtlaryň biridigini belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, ýapon kompaniýalarynyň Beýik Britaniýanyň söwda bazarynda goýan maýa goýumynyň möçberi 40 milliard funt-sterlingden köp boldy. Bu ýurtda müňe golaý ýapon şereketleri işläp, olaryň arasynda dünýäniň ägirt uly kompaniýalary “Honda”, “Hitachi” we “Mitsubishi” hem bar.