Köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şan An­to­ni Jo­şua–Wla­di­mir Kliç­ko boks du­şu­şy­gy­na “Wemb­li” sta­dio­nyn­da 90 müň­den gow­rak adam to­ma­şa et­di. 11 döw do­wam eden tut­lu­şyk­da 27 ýaş­ly Jo­şua ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ang­li­ýa­ly boks­çy 6-njy döw­de ça­la­ja san­dy­rak­la­sa-da, soň­lu­gy bi­len, 11-nji döw­de 41 ýa­şyn­da­ky tej­ri­be­li gar­şy­da­şy­ny no­kau­da iber­me­gi ba­şar­dy. 11-nji döw­de gar­şy­da­şy­ny 2 ge­zek ýe­re seren Jo­şua mundan öňki 18 du­şu­şy­gyn­da-da gar­şy­daş­la­ry­ny no­ka­ut bi­len ýeň­li­şe se­ze­war e­dipdi. Bu gezegem şeýle boldy we ol agyr ag­ram­da IBF we WBA gu­şak­la­ry­nyň tä­ze eýe­si bol­dy. 69 tut­lu­şyk­da bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 5-nji ge­zek utu­lan Kliç­ko mun­dan öň­ki du­şu­şy­gyn­da-da Taý­son Fýu­ri­den as­gyn ge­lip­di. Taryhy duşuşykdan soň, Joşua hem-de Kliçkonyň ikisine-de 15 mil­li­on dol­lar pul be­rler.