10-njy maýda türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna geldiler. Ýaryşlar bu ýerde 12-22-nji maý aralygynda geçirilýär. Dünýäniň 57 ýurdundan, şol sanda Müsürden, Indoneziýadan, Bangladeşden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gambiýadan, Ýemenden gelen türgenleriň 3 müňden gowragy sportuň 20 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşer. Ýaryşlar Birinji Ýewropa oýunlary – 2015 üçin ýörite gurlan häzirki zaman sport desgalarynda geçirilýär.
Ýurdumyzyň türgenleri sportuň woleýbol, boks, tennis, dzýu-do, sport göreşi, agyr atletika, suwda ýüzmek, basketbol (3×3 görnüşde), uşu we karate-do ýaly 10 görnüşi boýunça çykyş ederler. Ýurdumyzyň woleýbolçylar topary 11-nji maýda baýraklar ugrundaky bäsleşiklere başladylar. Toparlaýyn tapgyryň barşynda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Palestinanyň toparlary türkmen türgenleriniň garşydaşlary bolarlar.
IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän gününde woleýboldan başga-da boks we tennis ýaryşlaryna badalga berler. 13-nji maýda agyr atletikaçylaryň ilkinji ýeňijileri we baýraklara mynasyp bolanlary kesgitlener. Şeýle hem şol gün dzýu-do, suwda ýüzmek, karate-do boýunça bäsleşiklere girişiler. Erkin we nusgawy görnüş boýunça göreşler 17-nji maýda başlanar. Onuň ertesi gün bolsa, basketbol we uşu ýaryşlaryna badalga berler.
Hünärmenleriň pikirine görä, türkmen boksçylary öňki gazanan ýeňişleri göz öňünde tutulanda, bu Oýunlarda hem ýokary netijeleri görkezerler. Ýakynda olar Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşdylar. Şonda türkmen türgenleri awgust aýynyň ahyrynda Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna iki ýollanma aldylar.
81 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Nurýagdy Nurýagdyýew dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan dalaşgärleriň biridir. Mundan başga-da, ol ozal bürünç baýraga mynasyp bolupdy. Ikinji ýollanma 75 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Aziz Açylow mynasyp boldy. Ol şu ýaryşda üç bäsleşik geçirip, garşydaşlarynyň ikisi bilen tutluşygy nynokaut usuly bilen tamamlady.
Häzir Olimpiýa obasyna gelen türkmen boksçylary dessine türgenleşige girişdiler. Bu gezekki ýaryşlarda olaryň ýokary netije gazanjakdygyna ynam bildirýäris.