Türkmen – german hyzmatdaşlygy ösdürilýär
Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň daşary ykdysady syýasat bölüminiň ýolbaşçysy, ministriň orunbasary jenap Ekhard Fransyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar geldi.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde özara bähbitli hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň, şol sanda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň geçen ýylyň aprel aýynda Berlinde geçirilen mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Toparyň başlyklary häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini belläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer – medeni ulgamda taraplaryň bilelikde üstünlikli işlemeginde, şol sanda türkmen we nemes alymlarynyň golýazma mirasyny aýawly saklamak we arheologiýa gözlegleri ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Marguşa – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň patyşalygyna degişli gadymy gymmatlyklaryň sergisini guramak baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sergini 2018-nji ýylda GFR-de geçirmek göz öňünde tutulýar.
Degişli ägirt uly tejribä eýe bolan german kompaniýalarynyň ekologiýa ulgamynda, iň täze tehnologiýalary, işjeň dynç almak düzümini ulanmagyň, myhmanhana işini guramagyň esasynda tebigy, arheologik we taryhy-medeni desgalary özleşdirmekde toplanan iň gowy tejribäni alyşmaga ýardam etmäge hem taýýardygy bellenildi.
Mejlisiň ahyrynda german wekiliýetiniň baştutany Ekhard Frans türkmen tarapyna bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip, şeýle işewür forumlaryň köpýyllyk türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.