Türkmenistanyň topary Makedoniýanyň Ohrid şäherinde matematika boýunça 34-nji Halkara Balkan ýaryşlarynda bäş medala mynasyp boldular. Ders bäsleşigine 19 döwletden 20 topar – jemi 116 zehinli mekdep okuwçysy gatnaşdy. Aýratyn zehinli çagalar üçin döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçylary Jepbar Asgarow we Akmyrat Tirkeşow bürünç medallara, Aşgabadyň 57-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Resul Mämiýew, Rahman Agamyradow we Agamyrat Begenjow hem bürünç medallara eýe boldular. Aýratyn zehinli çagalar üçin döwlet mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojyýew biziň toparymyza ýolbaşçylyk etdi.
Şeýle hem maý aýynyň çäklerinde ýaş türkmenistanlylar başga-da birnäçe halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşdylar. Türkmen mekdep okuwçylary Gazagystanyň paýtagtynda 23-30-njy aprel aralygynda geçen himiýa boýunça 51-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Bäsleşikleriň jemleri boýunça Aýratyn zehinli çagalar üçin döwlet mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Serdar Begenjow kümüş medala eýe boldy. Aşgabadyň 57-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Intizar Taşow bürünç medal bilen üçünji orny eýeledi.
Mundan başga-da türkmenistanly mekdep okuwçylary «Infomatrix-2017» kompýuter taslamalarynyň Halkara bäsleşiginde medallaryň on altysyny eýelediler. Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilen bäsleşikde paýtagtymyzdaky 86-njy we 97-nji ýöriteleşdirilen mekdepleriň mugallymlary Süleýman Ataýew bilen Kerimmyrat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ildeşlerimiz toparlaýyn iň gowy netijeleriň birini görkezdi.