UEFA-nyň 2 klub ýa­ry­şy – Çem­pi­on­lar hem-de Ýew­ro­pa li­ga­la­ryn­da-da 2016/2017 möw­sü­mi­niň fi­nal­çy­la­ry bel­li bol­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 3-nji iýun­da Kar­diff­dä­ki “Mil­le­ni­um” sta­dio­nyn­da oý­nal­jak fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň “Ýu­wen­tu­sy” bi­len soň­ky çem­pi­on, Is­pa­ni­ýa­nyň “Re­al Mad­ri­di” du­şu­şar. Olar 1998-nji ýyl­da­ky fi­nal­da-da du­şu­şyp­dy­lar, şon­da Ams­ter­dam­da­ky oýun­da “Re­al” Mýa­to­wi­çiň ýe­ke-täk pök­gü­si bi­len 32 ýyl­dan soň, bu ku­bo­gy 7-nji ge­zek as­ma­na gö­te­rip­di. “Ýu­wen­tus” bi­len “Re­al” mun­dan öň 18 ge­zek du­şu­şyp, her­si-de 8 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň fi­na­lyn­da we­lin, “Aýaks”  bi­len “Man­çes­ter Ýu­naý­ted”  du­şu­şar.

Ýarym finalyň jogap oýunlarynyň 2-si hem 2–1 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Myhmançylykda Higuainiň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňiş gazanan “Ýuwentus” Turinde-de “Monakony” ýeňmegi başardy. 33-nji minutda ýene-de Dani Alwesiň pasyndan soň, horwatiýaly hüjümçi Mario Manžukiç hasaby açdy. 1-nji ýarymyň tamamlanmagyna 1 minut galanda, Dani Alwes uzak aralykdan owadan urgy bilen hasaby hasam artdyrdy. 2-nji ýarymda 69-njy minutda 18 ýaşly fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe “Monakonyň” adyndan tapawutlanyp, ýarym finalda gol geçiren iň ýaş oýunçy adyny aldy. 6 oýundan soň gol geçirden Buffon bu ugurda iň netijeli 5-nji derwezeçi bolmagy başardy. Şunlukda, “Ýuwentus” 2 ýyldan soň, 9-njy gezek finalda oýnamaga hukuk gazandy. Italýan kluby mundan öňki 8 finalyň diňe 2-sinde ýeňiş gazanyp, 6-synda utulypdy.
“Santiago Bernabeuda” Ronaldonyň het-trigi bilen ýeňiş gazanan “Real” üçin “Wisente Kalderondaky” oýnuň ýeňil geçmejekdigi öňündenem belledi. Madrid derbisinde oýna turuwbaşdan hüjüm edip başlan “Atletiko” 12-nji minutda Saul Niguesiň goly bilen öňe saýlandy. 16-njy minutda emin Jüneýt Çakyryň bellän penaltisini Antuan Grizmann dürs ýerine ýetirdi we hasap 2–0-a çykdy. Geçirilen bu gollar “Realy” az-owlak aljyratsa-da, Çempionlar ligasynyň hemme taraplaýyn iň tejribeli kluby emele gelen ýagdaýdan baş alyp çykdy. 20-nji minutdan soň, oýnuň jylawyny ele alan “Real” 42-nji minutda Iskonyň golundan soň, arkaýynlaşdy. 1-nji ýarymy örän dartgynly we çekeleşikli geçen duşuşygyň 2-nji ýarymynda hasap üýtgemedi we “Real Madrid” bassyr 2-nji, umumylykda 15-nji gezek finalyň petegini aldy. “Real Madrid” şol finallaryň diňe 3-sinde kubogy alyp bilmedi. Çempionlar ligasy ady bilen geçirilip başlany bäri 6 finalyň ählisinde-de ýeňiş gazanan “Realyň” esasy maksady bu kubogy yzly-yzyna alan ilkinji topar bolmak.

“AÝAKS”–“MANÇESTER ÝUNAÝTED”
UEFA Ýewropa ligasynyň kubogyny häzire çenli ýeke fransuz klubuna-da gazanmak bagty miýesser etmedi. Ýöne şu ýyl bilermenler “Lionyň” iň bolmanda, finala çykmagyna garaşypdylar. Amsterdamda “Aýaksdan” 4–1 utulan “Lion” öz meýdançasynda 3–1 hasabynda ýeňiş gazansa-da, bu görkeziji olara finala çykmak üçin ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, golland topary “Aýaks” 2-nji gezek bu liganyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Amsterdamlylar 1992-nji ýylda Italiýanyň “Torino” toparyndan 2 oýnuň netijesi boýunça (2–2, 0–0) üstün çykyp, kubogy eýeläpdi.
Wigodan iň kiçi hasaply ýeňiş bilen dolanan “Mançester Ýunaýted” “Old Traffordda” 17-nji minutda Fellaininiň goly esasynda öňe saýlandy. Ispan topary “Selta” 85-nji minutda Ronkalianyň topy bilen hasaby deňledi. Netijede, oýun 1–1 hasabynda tamamlandy we Mourinionyň tälimçiligindäki “Ýunaýted” bu ýaryşda ilkinji gezek final petegini aldy.
“Aýaks” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky final 24-nji maýda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmdaky “Friends Arena” stadionynda oýnalar.

UEFA Çempionlar ligasy 1/2 finalyň jogap oýunlary:

“ATLETIKO”–“REAL MADRID”: 2–1 (0–3) /Manžukiç 33, Dani Alwes 44 — Mbappe 69/
“ÝUWENTUS”–“MONAKO”: 2–1 (2–0 /Saul Nigues 12, Grizmann 16 p — Isko 42/

UEFA Ýewropa ligasy 1/2 finalyň jogap oýunlary:

“LION”–“AÝAKS”: 3–1 (1–4) /Lakazett 45 p, 45+1, Gezzal 81 — Dolberg 27)
“MAN. ÝUNAÝTED”–“SELTA”: 1–1 (0–1) /Fellaini 17 — Ronkalia 85)