Iri hytaý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işlenip düzülen ilkinji ýerli uçar deslapky synagdan üstünlikli geçdi. 150 ýolagça niýetlenen C919 atly uçaryň öndürilmegi bilen ýurt Ýewropanyň we ABŞ-nyň kompaniýalaryna garaşlylygyny azaldar. Şanhaýyň Pudong halkara aeroportundan howa göterilen uçar 90 minutlap uçdy. Ony görmäge adamlaryň müňlerçesi howa menziliniň golaýyna ýygnandy. Gonmazdan 4075 kilometr ýol geçip biljek uçary “Commercial Aircraft Corp. of China” öndürýär. Onuň işlenip düzülmegine ýurduň beýleki kompaniýalary, ylym-bilim edaralary bilen bir hatarda, käbir daşary ýurtly firmalar bilen hyzmatdaşlyk edýän şereketler hem gatnaşýar. Ýurduň ilkinji howa gämisiniň “Airbus A320” hem-de “Boeing 737-80” bilen bäsleşjekdigi aýdylýar. Entek önümçilige başlanmadyk hem bolsa, häzire çenli 21 awiakompaniýa jemi 500 uçary sargyt etdi. Hytaý uçarlarynyň 2024-nji ýyldan başlap öndüriljekdigi habar berilýär.